Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew ýurduň Premýer-ministri wezipesine Olžas Bektenowy bellemek baradaky karara gol çekdi.
“Olžas Abaýuly Bektenowy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine belläp, ony öňki eýeleýän wezipesinden boşatmaly” diýlip, Prezidentiň web sahypasynda çap edilen kararda bellenilýär.
Mundan ozal, Mažilisiň deputatlary (Gazagystanyň mejlisiniň aşaky palatasy) Bektenowy ýurduň Premýer-ministri wezipesine bellemek üçin Prezidente razylyk berdiler.
43 ýaşly Bektenow 2023-nji ýylyň aprelinden bäri Prezident administrasiýasynyň başlygy wezipesinde işledi. Ol birnäçe ýyllap korrupsiýa garşy göreş boýunça edaranyň, Adalat ministrliginiň we paýtagtyň akimatynyň (häkimliginiň) başlygy bolup işledi.
Düýn Gazagystanyň Prezidenti 2022-nji ýylyň ýanwarynda düzülen, Alihan Smailowyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň işinden çekilmegini kabul etdi.