Latwiýaly Krişýanis Ratiniks Italiýa, Şweýsariýa, Lihtenşteýn, Awstriýa, Germaniýa, Fransiýa, Lýuksemburg, Belgiýa we Niderlandlar ýaly ýurtlaryň ýollaryny 24 sagatda welosipedli geçip, dünýä rekordyny täzeledi.
39 ýaşly welosiped sürüjisi 24 sagat dolmagyna göni 4 minut galanda iň soňky serhetden geçdi. Şu aralykda Krişýanis jemi 715,8 kilometr geçip, ýolda diňe az wagtlyk säginip, demini dürsemeli boldy. Syýahatyň dowamynda howa hem bulaşyp, 10 sagatdan gowrak yzygiderli ýagyş ýagdy.
Mundan öň 24 sagadyň içinde welosiped bilen aşylan ýurtlar 8 sanydy. Latwiýaly ýigit köp ýyldan bäri rekordy täzelemek barada pikirlenip gelýärdi. Ol kartalary öwrendi, ugurlary çyzdy, çäräni meýilleşdirdi, soň bolsa bulary amala aşyrmagyň ugruna çykdy.
Krişýanisiň has uzak aralyklara welosiped sürmek boýunça uly tejribesi bar. Ol 24 sagadyň içinde azyndan 650 kilometri geçip biljekdigini bilýärdi. Onuň öňde goýan maksadynyň iň çylşyrymly tarapy bolsa, ýurtlaryň we aralyklaryň zerur utgaşmasyny tapmak üçin iň amatly ýoly saýlap almakdan ybaratdy.
Mysal üçin, Awstriýada bary-ýogy bir kilometr sürdi, ýöne deşilen tekeri çalyşmaly bolanlygy sebäpli bäş minutyny ýitirdi. Syýahatyň iň uzyn tapgyry Germaniýa bolup, ol 200 kilometrden gowrak ýoly külterlemeli bolupdy diýlip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasynda bellenilýär.