2024-nji ýylyň ýanwar aýy gözegçilikleriň bütin taryhyndaky iň yssy ýanwar aýy diýlip ykrar edildi. “Copernicus” klimatyň üýtgemegi boýunça gullugynyň (CS3) hünärmenleri ýylyň birinji aýynda dünýädäki ortaça temperaturanyň 13,14 gradus bolandygyny, munuň bolsa 1991-nji ýyldan 2020-nji ýyla çenli döwür bilen deňeşdirilende, 0,7 dereje ýokarydygyny kesgitlediler. Şeýle hem bu görkeziji 2020-nji ýylda hasaba alnan öňki ýanwar rekordyndan 0,12 gradus ýylydyr.
Ýanwar aýy yzygiderli rekord hasaba alnan sekizinji aý boldy. 2023-nji ýylyň iýun aýyndan bäri her aý taryhyndaky iň yssy howany başdan geçirdi.
CS3-iň hünärmenleri barlag işleri üçin emeli hemralardan, bütin dünýädäki gämilerden, uçarlardan we meteostansiýalardan toplumlaýyn maglumatlary ulanýarlar. Olaryň netijeleri soňky 12 aýyň dowamynda dünýädäki ortaça temperaturanyň 1991-2020-nji ýyllardaky görkezijiden 0,64 gradus, senagatlaşmak eýýamyndan öňki döwürden (1850-1900-nji ýyllar) 1,52 gradus ýokarydygyny görkezdi.
Ýöne ýylylyk gyradeň ýaýramaýar. Demirgazyk Ýewropada, günbatar Kanadada, ABŞ-nyň merkezi böleginde we Gündogar Sibiriň köp böleginde ýanwar aýynda ortaça temperatura ortaça görkezijiden pes bolupdy. Ýöne gündogar Kanadada, demirgazyk-günbatar Afrikada, Ýakyn Gündogarda we Merkezi Aziýada bolsa adatdakysyndan has ýyly boldy. Mundan öň 2023-nji ýylyň gözegçilikleriň bütin taryhynda iň yssy ýyl bolandygy habar berildi. Ol 2016-njy ýyldaky rekorddan ýokary boldy.