11-nji fewralda Finlýandiýada geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda Milli koalisiýa partiýasynyň wekili Aleksandr Stubb ýeňiş gazandy. Bu barada Finlýandiýanyň Adalat ministrligi habar berdi. Adalat ministrliginiň habaryna görä, býulletenleriň 100% -ini sanandan soň Stubb 51,6% sese, onuň bäsdeşi, öňki daşary işler ministri Peka Haawisto bolsa, 48,4% sese eýe boldy. Saýlawlara ýurduň ses bermäge hukugy bolan raýatlarynyň 67,6% -i gatnaşdy.
Saýlawlaryň soňky netijeleri 14-nji fewralda geçiriljek hökümet maslahatynda mälim eder. Täze döwlet Baştutanynyň kasam kabul edişlik dabarasy 1-nji martda geçiriler.
28-nji ýanwarda geçirilen saýlawlaryň birinji tapgyrynda dalaşgärleriň hiç birisi 50% ses alyp bilmediler. Şoňa görä-de, saýlawlaryň ikinji tapgyry geçirildi. Finlýandiýanyň Prezidenti alty ýyl möhlet bilen saýlanýar. Häzirki döwlet Baştutany Sauli Niinistýonyň ygtyýarlyklary fewral aýynda gutarýar. Ol bu wezipede yzygiderli iki möhlet işledi.
Aleksandr Stubb 1968-nji ýylyň 1-nji aprelinde fin-şwed maşgalasynda dünýä indi. 2008-2010-njy ýyllarda Matti Wanhaneniň hökümetinde daşary işler ministri bolup işledi. 2010-2014-nji ýyllarda Mari Kiwiniemi we Ýurki Kataýneniň hökümetlerinde daşary söwda gatnaşyklary boýunça ministr wezipesini eýeledi. 2014-2015-nji ýyllarda Finlýandiýanyň hökümetine ýolbaşçylyk etdi. Ol 2020-nji ýylda syýasatdan çekilip, Ýewropa Bileleşigi uniwersitetiniň (Florensiýa) Transmilli dolandyryş mekdebinde mugallymçylyk etdi.
Finlýandiýada 5 million 568 müňden gowrak adam ýaşap, iň az ilatly ýurtlaryň biridir.