Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde uçýan taksiler arkaly gatnaw ýola goýulýar. Howa taksileri şäheriň halkara aeroporty bilen «Palm Jumeirah» aralygynda gatnar. Şeýlelikde, bu ýerleriň arasyndaky syýahatyň wagty 45 minutdan 10 minuta düşer.
Ýurduň WAM habarlar agentliginiň X jemgyýetçilik torundaky habaryna görä, bir uçarman hem-de 4 ýolagçy orunlyk uçarlaryň bir gezekki zarýady bilen 161 kilometr ýol geçip bilýändigi, iň ýokary tizliginiň sagatda 320 kilometrdigi mälim edildi. Uçýan taksiler üçin howa menziliniň golaýynda, şäher merkezinde (Downtown), «Dubai Marinada» we «Palm Jumeirah» adasynda uçuş-gonuş zolaklary bolar. Habarda Dubaýyň şeýle hyzmaty ýola goýan ilkinji şäher boljakdygy mälim edildi.
Begenç MEREDOW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.