Aziýa Kubogynda çempion üýtgemedi. 18-nji Aziýa Kubogynda ýer eýeleri Kataryň ýygyndysy bassyr 2-nji çempionlyk gazanyp, olar finalda Iordaniýanyň Akram Afifiň 22-nji, 73-nji hem-de 90+5-nji minutlarda penaltiden geçiren gollary bilen 3-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ilkinji gezek finala çykan Iordaniýanyň ýeke-täk goluny 67-nji minutda Al-Naimat derwezä girizdi.
Şeýlelikde, Kataryň ýygyndysy 3-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, bassyr 2-nji çempionlygyny baýram etdi. Ýeňlişsiz çempionlyk gazanan Kataryň ýygyndysy Günorta Koreýanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň hem-de Ýaponiýanyň ýygyndylaryndan soň çempionlygyny goran 5-nji ýygyndy boldy. Bassyr 2-nji çempionlygyny-da ýeňlişsiz gazanmagy başaran Kataryň ýygyndysynyň ýyldyzy Akram Afif çempionatyň iň ökde oýunçysy (MVP) diýlip saýlandy. 8 gol bilen geçiren 27 ýaşyndaky Afif ýaryşyň iň netijeli futbolçysy hem bolmagy başardy. Ol Aziýa Kubogynyň taryhynda finalda 3 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.
Final duşuşygynda hytaýly Ma Nin jürlewük çalyp, oýna 86 müň 492 janköýer tomaşa etdi.
Kataryň ýygyndysynyň derwezeçisi Meşaal Barşam çempionatyň iň ökde derwezeçisi diýlip saýlandy.