Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy ýerli telekeçileri Beýik Britaniýada azyk we içgi senagatyna degişli öňdebaryjy hem-de iň iri sergi bolan «Food & Drink Event (IFE) 2024» halkara çäresine gatnaşmaga çagyrýar. Sergi 25 – 27-nji mart aralygynda Londondaky ExCel-de geçiriler.
40 ýyl mundan ozal döredilen IFE Beýik Britaniýada azyk, içgi, naharhana we myhmansöýerlik pudagynda iň abraýly wakadyr. Ol Beýik Britaniýada naharhana we myhmansöýerlik pudagynyň hünärmenleri üçin iň uly çäre bolan «HRC» we «UK Pub Show» bilen bilelikde geçiriler. Sergä bölek söwda, azyk hyzmatlary, myhmanhana işewürligi, lomaý söwda, paýlaýyş (distributorlyk) işleri, import we eksport pudaklaryndan 27 000-den gowrak alyjy bilen işleşmäge ymtylýan 1500-den gowrak kompaniýanyň gatnaşmagyna garaşylýar.
«IFE 2024» – bu diňe bir sergi däl. Bu azyk önümleri we içgiler dünýäsine aralaşmak, önümleriňizi Beýik Britaniýanyň potensial alyjylaryna görkezmek hem-de geljekdäki ösüş we üstünlikler üçin täze işewürlik aragatnaşyklaryny ýola goýmak üçin toplumlaýyn meýdançadyr» diýip, ilçihanada bellediler.
FPC ter miweleri, gök önümleri we kesilen gülleri öndürijileriň britan söwda birleşigidir. Onuň düzümine supermarket zynjyrlary, onlaýn dükanlar, naharhana kompaniýalary, lomaý söwda bazarlary, ter azyk önümlerini import we eksport edijiler, agrotehnologiýa we tehnologiýa kompaniýalary, portlar, logistika, gaplaýyş we beýleki hyzmatlar bilen üpjün edijiler girýär. Türkmen telekeçileri hem FPC-niň assosirlenen agzalary bolup bilerler.
Has giňişleýin maglumat bilen serginiň resmi saýtynda (www.ife.co.uk) tanşyp bilersiňiz: