Soňky ýyllarda emeli aň tehnologiýasyna maýa goýum gönükdirýän kompaniýalaryň girdejileri ýokarlanýar. Merkezi edarasy ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynda ýerleşýän «Nvidia» kompaniýasy hem emeli aň üçin niýetlenen çiplere maýa goýum goýmagy bilen tanalýar. Täzeçil tehnologiýany ulanmagy kompaniýanyň biržadaky paýnamalaryny artdyryp, bazar gymmatynyň bölek söwda pudagynda iş alyp barýan «Amazon» kompaniýasyndan öňe geçmegine getirdi. Tehnologiýa ägirdiniň paýnamalary 721,28 dollara ýetdi. Şeýlelikde, fewral aýynyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalary 17 göterim gymmatlady. Ýylyň başynda bolsa «Nvidia»-nyň her bir paýnamasynyň bahasy 500 dollardan sähelçe pesdi. Şeýlelikde, ýylyň başyndan bäri 46 göterime golaý gymmatlady. Kompaniýanyň bazar bahasy 1,78 trillion dollara ýetip, «Amazon»-dan öňe geçdi. Hepdäniň başynda «Amazon»-yň paýnamalary bolsa, 2,15 göterim azalyp, 168,64 dollara düşdi, bazar bahasy bolsa, 1,75 trillion dollar boldy. Şeýlelikde, «Nvidia» ABŞ-nyň iň gymmat dördünji, «Amazon» bäşinji kompaniýasy boldy.
«Nvidia»-nyň bazar nyrhy emeli aň çiplerine bolan gyzyklanmanyň artmagy netijesinde geçen ýylyň maý aýynda ilkinji gezek 1 trillion dollara ýetipdi.
Ýurtda bazar bahasy iň gymmat kompaniýalar degişlilikde, «Microsoft» (3 trillion dollar), «Apple» (2,9 trillion dollar) we «Alphabet» (1,8 trillion dollar).
Gaýrat ATAGELDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.