450 ýyl bäri Ýaponiýanyň Ýokote şäherçesinde ýerli ýaşaýjylar her ýyl gyş paslynyň gelmegi bilen kamakura gar öýüni gurýarlar. Fewral aýynyň ortalaryna ýerli halk gadymy däp-dessurlaryna eýerip şäheriň töwereklerindäki meýdanlarda gar öýlerini ýasap, emeli yşyklar bilen öýleri bezeýärler. Her ýylyň 15-16-njy fewralyna gabatlanyp geçirilýän bu festiwal yşykly gijeleriň şalygyna öwrülýär. «Kamakura» sözi ýaponlaryň kamado atly pejinden gelip çykyp, sözüň ikinji bölegindäki «kura» ammar diýmegi aňladýar. Kamakuralar kiçijik görnüşden başlap, 6 adama çenli niýetlenen ululykda ýasalýar. Her maşgala öz guran gar öýlerine ýygnanyp, şol gije suw hudaýyna doga edýärler. Geljek ýylda saglyk, abadançylyk bolmagyny, ekinleriň bol hasyl getirmegini dileýärler. Her ýyl bu festiwaly ýakyndan synlamak üçin müňlerçe syýahatçy Ýaponiýa barýar. Baýramçylyk gijesi myhmanlara moçi tüwüsinden taýýarlanan desertler, tüwüden gaýnadylyp taýýarlanan «amadzake» içimligi hödür edilýär. Kamakura gar öýleri Ýokote derýasynyň kenarynda, Ýokote gala depesiniň eteginde gurulýar. Baýramçylyk gijesi şäher owadan görnüşe eýe bolýar. Festiwal wagtynda gala baryp, ýalpyldawuk şäheri ýokardan synlap bolýar. Mundan başga-da, Doro-koen seýilgähine baryp, kamakuranyň taryhy we nädip ýasalýandygy barada gysgaça sapaklary hem alyp bolýar. Kamakura festiwaly birek-birek bilen dostlaşmaga, ýakynlaşmaga we wagtyňy şatlykly geçirmäge mümkinçilik berýän iň gowy gyşky festiwallaryň biridir.