UEFA Konferensiýa Ligasynda 1/8 finala çykjaklary kesgitleýän pleý-off tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi.

“Ýunion Sent-Žillua” (Belgiýa) – “Aýntraht” (Germaniýa) hem-de “Aýaks” (Niderlandlar) – “Bude-Glimt” (Norwegiýa) duşuşyklary birmeňzeş hasaplar bilen tamamlandy. Iki duşuşykda-da myhmançylykdaky toparlar 2-0 öňe saýlansa-da, olara üstünligini saklamak başartmady.

“Aýntraht” eýýäm 10-njy minut dolmanka Çaibi (3) hem-de Kalaýdziçiň (10) gollary bilen 2-0 öňe saýlandy. Ýöne Belgiýanyň wekili Rasmusseniň (31) hem-de Nilssonyň (68) gollary bilen ýeňlişden halas boldy.

Amsterdamdaky duşuşykda-da Norwegiýanyň “Bude-Glmit” topary Grobekiň 16-njy we 64-nji minutlarda geçiren gollary esasynda 2-0 öňe geçdi. Ýöne 90-njy minutdan soň 2 gol geçiren “Aýaks” hasaby deňlemegi başardy. “Aýaksy” ýeňlişden halas eden gollary 90+1-nji minutda penaltiden Wan den Bumen hem-de 90+7-nji minutda Berguis derwezä girizdi.

Awstriýanyň “Şturm Gras” topary öz meýdançasynda “Slowan Bratislawany” 4-1 hasabynda ýeňip, ýaryşy dowam etdirmäge uly mümkinçilik gazandy. “Olimpiakos” Gresiýada “Ferenswaroşy” 1-0, Norwegiýanyň “Molde” topary polýaklaryň “Legia Warşawa” toparyny 3-2 hasaplar bilen ýeňdi. “Makkabi Haifa” hem “Gentden” 1-0 üstün çykdy.

“Dinamo Zagreb” myhmançylykda ispanlaryň “Betisini” Petkowiçiň penalti goly bilen 1-0 hasabynda utdy. “Serwette” (Şweýsariýa) bilen “Ludogoresiň” (Bolgariýa) arasyndaky oýunda-da hasap açylmady.

Jogap duşuşyklary geljek hepdäniň penşenbe güni, ýagny 22-nji martda oýnalar.