Hytaýyň Çunsin şäherinde Ýanszy derýasynyň üstünden futuristik iki gatly köpri guruldy. Bu desga “Interstellar” atly fantastik filmdäki köprini ýadyňa salýar. Köpriniň uzynlygy 3,6 kilometre uzap, şäheriň Dadukou bilen Banan etraplaryny birleşdirýär. Aşaky gatda awtoulaglar, ýokarky gatda bolsa otlular hereket edýär. Köpriniň kaşaň keşbi köpleriň ünsüni özüne çekýär diýip, “Reddit” telegram kanalynda aýdylýar.