ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasy (USPTO) indi adamyň emeli aňyň kömegi bilen oýlap tapyşlary üçin patent alyp biljekdigi barada mälim etdi. Şol bir wagtda emeli aňyň özi oýlap tapyjy hökmünde ykrar edilip bilinmez. Şeýle ýagdaýda adamyň oýlap tapyşa goşan goşandy aýratyn nazara alynýar. USPTO-nyň bu karary patent hukugynda täze döwri açyp, emeli aňyň ösüşinde möhüm ädimdir.