7-nji ýanwarda geçirlen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň täze ýyldaky ilkinji mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän ýangyç-energetika toplumynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda nebit önümleriniň täze görnüşlerini öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda bu ýerde çig nebiti gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça işler alnyp barylýar. Euro-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzini öndürilip başlandy.
Wise-premýer Niderlandlar Patyşalygynyň “Saybolt” kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bu önümiň K5 ekologik talaplaryň we Euro-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalaryň berlendigini habar berdi. Häzirki wagtda nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýestrine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz täze tehnologiýalaryň, nou-haularyň hem-de dünýäniň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagy netijesinde, ekologik taýdan arassa täze önümiň çykarylyp başlanandygy baradaky habary kanagatlanma bilen kabul etdi hem-de munuň bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesidigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz türkmen topragynyň örän baý tebigy-çig mal serişdelerinden islegli önümleriň öndürilişiniň yzygiderli depginini belledi.
Milli Liderimiz Watanymyzyň iri nebitgaz känlerine eýedigini nazarda tutanyňda, ýurdumyzda ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin hemme şertleriň döredilmelidigini nygtady.
Hususan-da, döwlet Baştutanymyz dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, uly tejribä we kuwwata eýe bolan meşhur daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlara ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.