Halkara «HelloSafe» seljeriş hyzmaty tarapyndan ýurtlaryň ilatynyň ýaşaýyş derejesi we durmuş abadançylygy boýunça täze reýting çap edildi. 178 döwleti öz içine alýan bu sanawda Norwegiýa birinji orny eýeledi.
Bu seljerme diňe bir ykdysady görkezijilere däl, eýsem, girdejileriň ilat arasyndaky paýlanyşyna we adamlaryň ýaşaýyş derejesine hem esaslanýar. «HelloSafe Prosperity Index» görkezijisini taýýarlamakda bilermenler Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryndan peýdalandylar. 2026-njy ýylda dünýä boýunça ortaça görkeziji 100 baldan 59,2 bala deň boldy.
Reýtingiň ilkinji onlugyna Norwegiýa (99,4 bal), Irlandiýa (97,7 bal), Islandiýa (97,5 bal), Niderlandlar (97,2 bal), Daniýa (96,2 bal), Belgiýa (95,0 bal), Şweýsariýa (94,6 bal), Singapur (94,5 bal), Birleşen Arap Emirlikleri (94,0 bal) we Finlýandiýa (93,5 bal) ýaly döwletler girdi. Ýewropa ýurtlary ilkinji 15 ornuň 12-sini eýeläp, ortaça 84,7 bal bilen sebitler boýunça öňdeligi saklady.
Reýtingiň garaşylmadyk netijeleriniň biri-de ABŞ-nyň 87 bal bilen 27-nji, Polşanyň bolsa 86,7 bal bilen 28-nji orny eýeläp, olaryň görkezijileriniň özara örän meňzeş çykmagydyr. ABŞ satyn alyjylyk ukyby göz öňünde tutulyp hasaplananda adam başyna düşýän jemi içerki önüm boýunça öňdeligini saklasa-da, Polşada girdejiler ilatyň arasynda has deň paýlanýar.
Şeýle hem sanawda Russiýa 50-nji, Hytaý 71-nji, Hindistan bolsa 101-nji orny eýeledi. Sebitler boýunça Aziýa 63,8 bal, Amerika 61,5 bal, Afrika bolsa 34,7 bal toplady.