ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 16-njy dekabrda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistan bilen bagly wiza düzgünlerinde möhüm ýeňillik girizildi.
Resmi resminamada bellenilişi ýaly, Türkmenistan soňky döwürde ABŞ bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, şahsyýeti kesgitlemek we maglumat alyşmak ulgamynda ep-esli öňegidişlik görkezdi. Şunuň netijesinde:
– Türkmenistanyň raýatlarynyň ABŞ-a gysga möhletli saparlar üçin (B-1, B-2, B-1/B-2), okuw (F, M) we alyş-çalyş (J) wizalary boýunça girmegine goýlan çäklendirme doly aradan aýryldy.
– Şeýlelikde, iş sapary, syýahat, okuw we akademik maksatlar bilen ABŞ-a gitmek isleýän türkmen raýatlary üçin ýol açyldy.
Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan raýatlarynyň immigrasiýa wizalary (ýaşamak maksatly wizalar) boýunça ABŞ-a girmegi wagtlaýynça çäklendirilen ýagdaýynda galýar.
ABŞ tarapynyň bellemegine görä, bu karar Türkmenistanyň degişli ugurlarda hyzmatdaşlygyny dowam etdirmegi bilen geljekde has-da giňeldilip bilner. Täze düzgün 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.