2023-nji ýylyň I ýarymy üçin abuna ýazylşygy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda hem gyzgalaňly dowam edýär. Etrabymyzyň ähli padaklarynda zähmet çekýän işçi hünärmenler gazediň çap edilýän görnüşi bilen bir hatarda elektron görnüşine hem abuna ýazylýarlar. Mälim bolşy ýaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen sanly ulgamy ösdürmek, elektron dolanşygyna geçmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha giňeldilýär. Häzirki wagtda islendik ýerde ykjam öýjükli el telefonlaryň, ýan kompýuterleriň üsti bilen dürli görnüşli tölegleri etmek, ýol peteklerini satyn almak, öý hojalyk we beýleki zerur zatlary buýurmalar esasynda satyn almak hem-de ähli gazet-žurnallary okamak, abuna bolmak mümkin. Munuň özi her bir raýatyň wagtlaryny tygşytlamaga, artykmaç çykdaýjylary azaltmaga mümkinçilik berýär.
Şu günleri 2023-nji ýylyň I ýarym ýyly üçin abuna ýazylşygy döwründe ýurdymyzyň beýleki gazet-žurnallary bilen bir hatada “Zaman Türkmenistan” gazetine abuna ýazylýanlaryň köpdügine bellemek gerek. Çünki bu gazet sahypalarynda diňe bir öz ýurdymyzda däl eýsem dünýä ýüzüniň täzelikleri bilen tanyşmak mümkin. Gazediň habarlar, watan waspy, tehnologiýa, awto, sungat, okaň dynç alyň, dünýä täzelikleri, saglyk ýaly sahypalarynda çap edilýän her bir makalalar özüniň täsirliligi, özüne çekijiligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Çagalar üçin berilýän oýunlar, hekaýalar, ertekiler, tapmaçalar, suratlar özüniň gyzyklylygy bilen çagalaryň ünsüni özüne çekýär. Şonuň ýaly hem yzygiderli berilýän krosswordlar, skanwordlar dynç alyş wagtyňyzy mazmunly geçirmäge ýardam berýär. Ähli watandaşlarymyzy Zaman Türkmenistan gazetiniň çap edilýän görnüşi bilen bir hatarda elektron görnüşine ýazylmaga çagyrýaryn. Gazet sahypalaryndaky gyzykly, täsirli makalalar bilen boş wagtynyň mazmunly geçer.
Gülhumar HOJAHMETOWA, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni