2-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de
onuň ýurdumyzda we sebitde işleýän agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Maslahata BMG-niň agentlikleriniň, şol sanda BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň, Ösüş maksatnamasynyň edaralarynyň, ÝUNISEF-iň, BSGG-niň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň müdirliginiň (AHÝKM), BMG-niň ilat gaznasynyň (ÝNFPA), BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň (BÝKM), BMG-niň neşe serişdeleri we jenaýatçylyk boýunça müdirliginiň (NJM), BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESKATO), Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG), Zähmeti guramagyň halkara guramasynyň (ZGHG) we beýlekileriň 30-a golaýy gatnaşdylar.
Şeýle hem duşuşyga Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalary hem-de taslamalary netijeli durmuşa geçirmegiň meseleleri boýunça giňişleýin pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça gol çekilen ylalaşyklaryň ähmiýeti bellenildi. Olar resminamalaryň 44-sini özünde jemleýär. Türkmenistan bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň hatarynda bilim, saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary, azyk howpsuzlygy we ekologiýa bar.
Şonuň ýaly-da, Türkmenistanyň hökümetiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň meselelerine garaldy. Bilelikdäki işleriň netijelerine baha berildi. Halkara düzümleriniň wekilleri Türkmenistanyň bilelikdäki ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça işine ýokary baha berdiler.
Duşuşyga gatnaşyjylar golaýda Aşgabatda başlanan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, bu ýyly geçirmegiň «Ýol kartasynda» bellenilen çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Olar 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň çäklerinde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşant goşar.
* * *
3-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen wideomaslahat geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda logistikanyň we sanlylaşdyrmagyň kämilleşdirilmegi arkaly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň has-da ösdürilmegine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň giň gerimli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 2016-njy ýylda Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça Birinji Ählumumy maslahatynyň ähmiýeti nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar BMG-niň çäklerinde Türkmenistanyň we IRU-nyň arasyndaky gatnaşyklara ýokary baha berdiler, bu bolsa ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösdürilmegi boýunça 2014, 2015 we 2017-nji ýyllarda kabul edilen degişli resminamalaryň öňe ilerledilmeginde öz beýanyny tapdy.
Dünýäde emele gelen pandemiýa ýagdaýlary bilen baglylykda, Türkmenistanyň adatdan daşary ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe durnukly halkara gatnawlaryny üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiziň başlangyjyny durmuşa geçirmek babatda bilelikdäki işleriň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
IRU-nyň Baş sekretary Lazurit (Lapis Lazuli) geçelgesiniň, şeýle hem Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça beýleki ulag-üstaşyr geçelgeleriniň iş ýüzünde peýdalanmagynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny belledi. Şeýle hem taraplar 2021-nji ýylda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň Halkara maslahatyna taýýarlyk görlüşi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
* * *
Şol gün Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda wideogörnüşde geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine sebitde suwdan netijeli peýdalanmak baradaky meseleler girizildi.
Onlaýn duşuşyga Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň hem-de Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem iki ýurduň ilçihanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Iş maslahatyna gatnaşyjylar Aral gurşawynyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna, bu sebitde suw hojalygynyň, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilip, öňe sürlen teklipleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi boýunça pikir alyşdylar.
Aral sebitinde ykdysady ösüşiň, durmuş abadançylygynyň we ekologiýa ýagdaýynyň sagdynlaşdyrylmagynyň suw serişdelerine elýeterlilik, oba hojalygynda olaryň oýlanyşykly we netijeli peýdalanylyşynyň üpjün edilmegi bilen ysnyşykly arabaglanyşyklydygyny bellediler.