Glo­bal ma­ýyl­gan­ly­gy­nyň art­ma­gy ne­ti­je­sin­de dür­li te­bi­gy ha­dy­sa­lar ýü­ze ýyk­ýar. Şo­la­ryň ara­syn­da de­ňiz su­wu­nyň de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy hem bar. Bu ýag­daý kä­bir ada­la­ryň ýa-da ke­nar­ýa­ka ýer­le­riň bir bö­le­gi­niň su­wuň aşa­gyn­da gal­ma­gy­na ge­ti­rip bi­ler. Bi­ler­men­ler ýüz­ýyl­ly­gyň ahy­ryn­da Ýu­waş um­ma­nyn­da­ky Tu­wa­ly döw­le­ti­ne de­giş­li mer­jen ada­la­ry­nyň köp bö­le­gi­niň su­wuň as­tyn­da gal­ma­gy­nyň müm­kin­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. 9 sa­ny mer­jen ada­syn­dan yba­rat bo­lan bu döw­let Bri­tan Ar­ka­la­şy­gy­nyň ag­za­sy­dyr. 11 müň­den gow­rak ila­ty bo­lan Tu­wa­lu bu how­puň öňü­ni al­mak üçin ýur­duň gö­zel­lik­le­ri­ni, me­de­ni­ýe­ti­ni we ra­ýat­la­ry­nyň ka­nu­ny hu­kuk­la­ry­ny gel­jek ne­sil­ler üçin go­rap sak­la­mak mak­sa­dy bi­len “San­ly mil­let” tas­la­ma­sy­ny dur­mu­şa ge­çi­rer. Mak­sat­na­ma­nyň çäk­le­rin­de ýur­duň te­bi­gy gö­zel­lik­le­ri, bi­na­la­ry san­ly ul­gam­da gaý­ta­dan dö­re­dil­ýär. Şeý­le hem ra­ýat­la­ryň san­ly pas­port­la­ry dö­re­di­lip, hö­kü­me­tiň öz işi­ni do­wam et­dir­me­gi ýo­la goý­lar. Bu pas­port ar­ka­ly ýur­duň ra­ýat­la­ry saý­law­la­ra we sa­la sal­şyk­la­ra gat­naş­mak, ra­ýat na­ma­la­ry­nyň ýaz­gy­la­ry­ny ha­sa­ba al­dyr­mak ýa­ly res­mi iş­le­ri ýe­ri­ne ýe­ti­rip bi­ler­ler.
Ýur­duň ada­la­ryň su­wuň as­tyn­da gal­mak how­py en­tek örän uzak­da hem bol­sa ýurt şeý­le ýag­daý­da ra­ýat­la­ry­ny Awst­ra­li­ýa tap­gyr­la­ýyn gö­çür­mek üçin şert­na­ma hem gol çek­di. Awst­ra­li­ýa-Tu­wa­lu Fa­le­pi­li Bi­le­le­şi­gi at­ly bu şert­na­ma­da Tu­wa­lu­nyň hal­ky­na Awst­ra­li­ýa­da ýa­şa­ma­ga müm­kin­çi­li­gi be­ril­ýär.
Ta­ryh­da he­ni­ze çen­li hiç bir döw­let te­bi­gy ha­dy­sa­lar se­bäp­li öz çä­gi­ni ýi­tir­me­di.