Norman Foster tarapyndan esaslandyrylan Beýik Britaniýanyň “Foster + Partners” binagärlik kompaniýasy ýakyn wagtda Dubaýda (BAE) guruljak jübüt gökdiränleriň taslamasyny hödürledi. Toplumyň iň esasy aýratynlygy, iki diňiň arasyndaky geçelge bolup, şol ýerde hem howuz gurmak meýilleşdirilýär.
Binagärlik kompaniýasy tarapyndan habar berlişi ýaly, beýikligi 180 metre deň boljak “Regent Residences Dubaý, Sankari Place” diýlip atlandyrylýan toplum, Hor-Dubaýyň deňiz kenarynda ýerleşýän “Business Bay” işewür sebitinde gurlar. Taslama “Sankari Properties” we “IHG Hotels & Resorts” işewürlik edaralary bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylar. Iki binada hem howuzly giň eýwanlar bolar, olaryň görnüşi “aşak inýän suwuň” wizual täsirini döreder.
Toplumyň aşaky gatlarynda dükanlar, oranjereýa, sport zaly we ýaşaýjylar üçin garbanyşhana zolaklary ýokarky gatlarynda bolsa, dünýäniň iň beýik binasy 828 metrlik Burj-Halifa bakýan giň jaýlar bolar. “Regent Residences Dubai, Sankari Place” gökdiräniniň ýokarky gatyndaky iki diňi birleşdirjek köprüde giň howuzly kaşaň penthous bolar. Onuň eýeleri we myhmanlary 180 metr beýiklikdäki howuzdan peýdalanyp bilerler.
Gurluşygyň tamamlanjak senesi, geljekki gökdiränlerdäki ýaşaýyş jaýlarynyň bahasy heniz mälim edilmedi. Ýöne olaryň üýtgeşik dizaýnyny we ýerleşişini göz öňünde tutsaň, belki-de bahalar emirlikdäki gozgalmaýan emläklere laýyk bolsa gerek.