Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäheriniň golaýyndaky adada naharlar dron arkaly sargyt eden müşderileriň öýüne eltilip başlandy. “Aviant” atly norweg startapynyň Vermdýo adasynda ýola goýan hyzmatyna ýerli halk uly gyzyklanma bildirdi. Adanyň ýaşaýjylary fewral aýynda ýola goýlan hyzmatdan hoşaldyklaryny belleýärler. “Aviant”-yň esaslandyryjysy Lars Erik Fagernes Stokgolm şäheriniň golaýynda ýaşaýan 87 müň töweregi ilatyň taýyn naharyň öýlerine eltilip bermek hyzmatyndan peýdalanyp bilmeýändigine ünsi çekýär. Kiçijik uçýan enjamlar bolsa, adalaryň arasynda syýahat edip, bu meseläni aradan aýyrmaga mümkinçilik beripdir. Hünärmenler naharyň müşderilere gyzgyn eltilip berilmegi üçin 3 ýyllap synag geçiripdirler. “Aviant”-yň ýolbaşçylary geljek 2 ýylyň dowamynda Skandinawiýa ýurtlarynda 40 sany şahamça açmagy meýilleşdirýärler. Şeýle hem kompaniýa Kanadanyň we ABŞ-nyň demirgazyk gündogar sebitlerinde şeýle hyzmaty ýola goýmagy maksat edinýär.