Tebigatda käbir jandarlar adamdan gorkýan bolsa, käsi ýabanydygyna garamazdan, adamlaryň örän ýakynynda ýaşaýar. Guşlaryň arasynda hem adamdan ürkmeýänleri az däl. Guşlar iýmit zynjyrynyň esasy halkalarynyň biri bolup, adamzada uly peýda berýär. Bu jandarlaryň käbir görnüşi obadyr şäherleriň içinde, adamlaryň gaty golaýynda ýaşaýar. Ine, olaryň käbiri.
Gumry. Kepderiler maşgalasyna degişli bolan, «gurrup-gurrup» edip saýraýan bu guşy adamlar örän gowy görýärler. Şol sebäpli dürli dillerdäki çeper eserlerde hem gumrularyň agzalýandygyny görmek bolýar. Alymlar gumrularyň duzy halaýandygyny belleýärler.
Çarlak. Gysga aýakly suw guşlarynyň bu görnüşi kenarýaka şäherleriň köpüsinde adamlaryň golaýynda ýaşaýar.
Kepderi. Köplenç jaýyň üçegini mesgen tutunýan bu guşlar öwrenişen ýagdaýynda edil eldeki jandar ýaly adama ýakynlaşýar. Bütin dünýäde parahatçylygyň nyşany hasaplanýan bu guşlaryň onlarça görnüşi bar.
Serçe. 50 töweregi görnüşi bolan bu guşlar diňe agaç şahalarynda däl, eýsem, jaýlaryň üçekleri, elektrik geçirijileriň sütünleri ýaly amatly bolan ähli ýerde höwürtge ýasaýarlar.
Garga. Adama has ýakyn ýaşaýan guşlaryň biri bolan gargalar iň akylly jandar hasaplanýar. Şol sebäpli gargalar guşlaryň näderejede akyllydygyny barlaýan dürli synaglardan hem geçirildi. Gargalara käbir hereketleri gaýtalamagy öwredip bolýandygy ýüze çykaryldy.