AFK Çempionlar Ligasy 2 ýaryşynda 1/8 finalyň 1-nji duşuşyklary geçirildi. Paýtagtymyz Aşgabatdaky Olimpiýa stadionynda oýnalan ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary bilen Saud Arabystanynyň “Al-Nassr” toparynyň arasyndaky duşuşyk örän çekeleşikli geçdi. Duşuşyk 1-0 hasabynda myhmanlaryň peýdasyna tamamlandy. Oýundaky ýeke-täk goly 19-njy minutda Abdullah Abdulrahman Al-Hamdan derwezä girizdi. Umuman duşuşygyň 1-nji ýarymynda myhmanlar ýokary depginde oýun görkezdi. 2-nji ýarymda bolsa türkmen futbolçylary oýna erk eden tarap boldy. Ildeşlerimiz 2-nji ýarymda howply pursatlar döretselerem, olara hasaby deňlemek başartmady. Şunlukda, 1-nji oýunda 1-0 hasabynda asgyn gelen ýurdumyzyň çempiony “Arkadag” topary bu duşuşykdan laýyk 1 hepde soň, has takygy, 18-nji fewralda Er-Riýadda “Al-Nassr” topary bilen jogap duşuşygyny geçirer.

Şeýle-de, Günbatar sebitiniň beýleki oýunlarynda Iordaniýanyň “Al-Hussein” topary Dubaýda geçirilen duşuşykda Eýranyň “Esteglal” toparyny Abu Jalbuşyň 78-nji minutda geçiren ýeke-täk goly bilen 1-0 hasabynda ýeňdi. Yragyň “Al-Zawraa topary Bagdatda BAE-niň “Al-Wasl” toparyny 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi (Jamus 45+7, Riaskos 68, 76 – Borha 5, 65). Dohada Eýranyň “Sepahan” topary bilen Kataryň “Al Ahli” toparynyň arasyndaky duşuşykda ýeňiş gazanan bolmady (2-2). Çekeleşikli geçen oýunda myhmançylykdaky “Al Ahli” topary 90-njy minutdan soň ýeňlişden halas boldy (R. Alweş 20, Rezawand 45+7 – Wlap 28, Eksposito 90+3).

Gündogar sebitde Tailandyň “Ratçaburi” topary öz meýdançasynda Indoneziýanyň “Persib” toparyny 3-0 hasabynda ýeňip, çärýek finalyň bosagasyndan ilkinji ädimi ätdi. Edil şonuň ýaly Wýetnamyň “Kongan Hanoý” topary öz meýdançasynda Singapuryň “Tampines Rowers” toparyny 4-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.