AFK Kubogynyň täze möwsüminde ýurdumyzyň adyndan iki klub çykyş eder. Düýn toparçalaryň bijeleri çekildi. Bijä laýyklykda, “Altyn asyr” hem-de “Ahal” toparlary Merkezi Aziýa zolagynyň toparçalarynda çykyş eder. Ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” “F” toparçada Özbegistanyň AGMK ýa-da “Nasaf”, Täjigistanyň “Hojand” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň “Alaý” toparlary bilen duşuşar. Häzirki wagtda Özbegistanyň AGMK topary AFK Çempionlar ligasy ýaryşyna-da dalaş edýär. Eger saýlama tapgyryny şowly tamamlasa, onda “Nasaf” topary “Altyn asyryň” bäsdeşi bolar.

Wise-çempion “Ahal” bolsa, “E” toparçada Täjigistanyň “Rawşan Kulob” hem-de Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Dordoý” bilen özara güýç synanyşar.

Toparlar toparçalarda özara bir gezek duşuşarlar. Duşuşyklar merkezileşdirilen görnüşde oýnalar. “E” hem-de “F” toparçalardaky oýunlar şu ýylyň 14-20-nji maýy aralygynda geçiriler. Toparçalarda 1-nji orny eýelän klublar ýaryşy dowam etdirerler. Zolaklaryň ýarym final awgust aýynda, ýaryşyň final duşuşygy-da şu ýylyň 26-njy noýabrynda oýnalar.

 

Merkezi zolak

“E” TOPARÇA

“Rawşan Kulob” (Täjigistan)

“Dordoý” (Gyrgyz Respublikasy)

“Ahal” (Türkmenistan)

 

“F” TOPARÇA

AGMK ýa-da “Nasaf” (Özbegistan)

“Altyn asyr” (Türkmenistan)

“Hojand” (Täjigistan)

“Alaý” (Gyrgyz Respublikasy)