Geçen aý Efiopiýada ýurduň Prezidenti Abiý Ahmed tarapyndan resmi taýdan açylyp ulanmaga berlen Afrikanyň iň uly gidroelektrik stansiýasy doly güýjünde işe girizildi. Bu taslama millionlarça efiopiýalyny elektrik togy bilen üpjün eder. Häzirki wagtda ýurt gidroelektrik stansiýasyny işe girizilmegi bilen elektrik önümçiligini iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär.
120 million ilaty bilen Afrika yklymynda ikinji orunda durýan Efiopiýa, Nil derýasynyň goşundysyndaky 5 milliard dollarlyk “Hydase” (Galkynyş) bendi diýlip atlandyrylýan gidroelektrik stansiýasyna ykdysady ösüş boýunça maksatlarynyň naýbaşysy hökmünde garaýar. Gurluşygyna 2011-nji ýylda badalga berlen bentde elektrik energiýasynyň öndürilmegi iň soňunda 750 MWt-den 5150 MWt-ä çenli ýokarlanar diýlip garaşylýar. Efiopiýanyň Premýer-ministri Abiý Ahmed bu energiýanyň efiopiýalylaryň elektrik energiýasyna elýeterliligini ýokarlandyrmak we artykmaç energiýany goňşy ýurtlara eksport etmek üçin ulanyljakdygyny aýtdy.
Şeýle-de bolsa, Efiopiýanyň goňşulary taslama alada bilen seredýärler. 1960-njy ýyllarda Nil derýasynda öz Aswan bendini guran Müsür, bu bendiň guraklyk döwründe ýurduň suw üpjünçiligini çäklendirmegine alada bildirýär. Takmynan, 108 million ilaty bolan Müsür, Nil derýasynyň süýji suwunyň, takmynan, 90 göterimini ulanýar.
Abiy iýul aýynda parlamente eden çykyşynda “Hydase» bendiniň ählumumy mümkinçilikdigini aýtdy. – Onuň berjek energiýasy diňe Efiopiýa däl, eýsem, goňşy ýurtlara hem has köp peýda getirer – diýip, belledi.
Desganyň gurluşygynda we maliýeleşdirilmeginde hytaý kompaniýalary möhüm rol oýnady. Stansiýa ilkinji elektrik energiýasyny 2022-nji ýylyň fewralynda öndürdi. Geljekde Efiopiýanyň tutuş ilatyny elektrik energiýasy bilen doly üpjün etmek, artykmajyny bolsa, goňşy ýurtlara eksport etmek meýilleşdirilýär.