Ni­ge­ri­ýa­nyň Ne­bit önüm­çi­li­gi­ni düz­gün­leş­di­ri­ji ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy Gben­ga Ko­mo­la­fe Af­ri­ka yk­ly­myn­da­ky te­bi­gy gaz go­ru­nyň 33 gö­te­ri­mi­niň öz ýur­dun­da­dy­gy­ny bel­le­di. Ýurt­da anyk­la­nan gaz go­ru­nyň 94 ýy­la ýe­tip bil­jek­di­gi mä­lim edil­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ýurt te­bi­gy gaz go­ry ba­bat­da dün­ýä­de do­ku­zyn­jy orun­da dur­ýar. Ýur­duň 5 tril­li­on kub­metr gaz go­ry bo­lup, Af­ri­kada Al­žir­den soň­ra iň uly ikin­ji eks­port­çy ha­sap­lan­ýar. Ge­çen ýyl ýurt Ma­rok­ko-Ni­ge­ri­ýa te­bi­gy gaz ge­çi­ri­ji­si­ni gur­mak üçin Gün­ba­tar Af­ri­ka ýurt­la­ry bi­len yla­la­şyk ga­za­nyp­dy.
Bu ba­ra­da Ko­mo­la­fe Hal­ka­ra ener­gi­ýa yk­dy­sa­dy­ýe­ti mas­la­ha­tyn­da eden çy­ky­şyn­da mag­lu­mat ber­di. Ko­mo­la­fe ne­bit we gaz ýa­ly ýe­ras­ty baý­lyk­la­ryň Ni­ge­ri­ýa­nyň ener­gi­ýa howp­suz­ly­gy ba­bat­da äh­mi­ýet­li­di­gi­ne ün­si çe­kip, ýe­ter­li de­re­je­de inf­rast­ruk­tu­ra we ma­li­ýe se­riş­de­si üp­jün edi­len ýag­da­ýyn­da, Sa­ha­ra­nyň aşa­gyn­da­ky Af­ri­ka ýurt­la­ry­ny gaz bi­len üp­jün edip bil­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Hä­zir­ki wagt­da Al­žir we Ni­ge­ri­ýa ýa­ly te­bi­gy gaz gor­la­ry­na baý ýurt­lar eks­por­ty­ny art­dyr­mak üçin has köp ma­ýa go­ýum goý­ýar. Ni­ge­ri­ýa go­laý­da su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz eks­por­ty­ny hem ýo­la goý­dy.