Keniýaly ekologiýa aktiwisti Trupena Mutoni 72 sagatlap agajyň sütünini dyngysyz gujaklap durup, Ginnesiň täze rekordyny goýdy.
Täze rekord 22 ýaşly ganaly aktiwist Frederik Boakýe tarapyndan goýlan öňki rekorddan (50 sagat 2 minut 28 sekunt) has öňe geçdi.
Mutoniniň mundan öň hem şuňa meňzeş rekorda eýe bolupdy: 2025-nji ýylyň fewralynda ol 48 sagatlap agaç bilen galtaşykda bolupdy. Onuň aýtmagyna görä, birinji synanyşyk ynsanyň tebigat bilen arabaglanyşygyny ýatladýan simwolik yşarat bolan bolsa, ikinjisi – durnukly we uzak möhletleýin klimat hereketleriniň zerurdygy baradaky ynamly beýanatdyr.
– Dünýä diňe bir nyşanlara däl, eýsem durnuklylyga, tutanýerlilige we tebigaty goramagyň hemişelik borçdugyny görkezýän hakyky subutnamalara mätäç – diýip, Mutoni aýtdy.