Geçen ýylyň sentýabrynda “SpaceX” kompaniýasynyň kosmosa giden adamlary bije arkaly kesgitlenipdi. Bije çykan dört adamyň arasynda ABŞ-ly uçarman Kil Hippçen hem bar eken. Her kime nesip etmeýän bu mümkinçilik çykan hem bolsa, Hippçen kosmosa gidip bilmändir. Sebäbi kompaniýanyň kosmos gämisindäki her bir ýolagçynyň agramy 113 kilogramdan ýeňil bolmaly eken. Agramy 150 kilograma barabar bolan Hippçen bu habary eşidip lapykeç bolandygyny aýdýar. Ol bijesiniň çykandygy baradaky elektron poçtany alan wagty aşa begenipdir. Emma şertnamada ýazylan düzgünlere okanynda agramy sebäpli kosmos syýahatyna gidip bilmejekdigini bilip galypdyr. 43 ýaşly uçarman alty aýyň dowamynda 37 kilogram horlanyp bilmejegini pikir edip, bu hukugyny awiasiýa mekdebinde bile okan kursdaşy Kris Sembroskä sowgat edipdir. Şeýle-de bolsa bu barada häzire çenli hiç zat aýtmandyr. Kris Sembroski hem-de bijesi çykan beýleki adamlar 2021-nji ýylyň sentýabrynda Floridadaky Kennediniň adyny göterýän kosmodromdan kosmosa uçdular. Şol uçuşdan ozal Kris Sembroski kursdaşyna jaň edip minnetdarlygyny bildiripdir.

16-njy sentýabrda “SpaceX” kompaniýasynyň gämisi hemmesi raýatlardan düzülen ilkinji kosmos syýahatyny amala aşyrypdy. Bu syýahata Sembroski bilen bilelikde Jared Aýzakman, Haýli Arseno we Sian Proktor dagy gatnaşypdy.