Taryhdan belli boluşy ýaly, kyn gününde atlar edil adam ýaly duýgulary başdan geçirip, öz eýesine wepalylygynyň aňrybaş nusgasyny görkezipdirler. At türkmeniň uçar ganaty hasaplanypdyrlar. Gapysynda aty bar bolan türkmen özüni iň bagtly adam saýypdyr. Hakykatdan-da türkmeniň geçmişini, şu gününi, geljegini bedew atsyz göz öňüne getirmek kyn. Şeýle bolansoň, behişdi bedewlere degişli ähli gymmatlyklar şu günlerimize ýetirilipdir. Berkarar döwletiň täze eýýäminiň galkynyşy döwründe gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan gamyşgulak bedewlerimize aýratyn sarpa goýulýar.
Häzirki wagtda behişdi bedewlerimiz ýurdumyzyň dünýädäki at-abraýyny mundan hem belende götermäge hem ýardam edýär. Bu günki gün bedewlerimize bolan garaýyş, söýgi has artyp, olar üçin has köp mümkinçilik döredilýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde owadanlykda deňi-taýy bolmadyk bedewlerimize aýratyn ähmiýet berlip, welaýatlarymyzda atçylyk sport toplumlarynyň gurlup ulanmaga berilmegi hem şol aýdylanlardan nyşandyr.
Berkarar döwletiň täze eýýäminiň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzyň atçylyk pudagyny ösdürmek hem-de milli atşynaslaryň däplerini dowam etdirmek we atçylyk sportuny höweslendirmek we döwrebap tehnologiýalar bilen baýlaşdyrmak işleri ýurdumyzda döwlet syýasatynyň derejelerine çykaryldy. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan şöhratly taryhyna buýsanýan halkymyzyň milli guwanjyna öwürilen bedewlerimiz dünýä medeniýetiniň taýsyz baýlygydyr. 2010-njy ýylda paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosasiýasynyň döredilmegi we onuň ştab-kwartirasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşmegi dünýäniň dürli döwletleri bilen bu ugurda alnyp barylýan özara bähbitli gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilik döredýär. Assosasiýanyň esasy maksady atlaryň tohum arassalygyny gorap saklamakdan, olaryň ajaýyp häsiýetlerini kämilleşdirmekden, bedewlerimiziň baş sanlaryny köpeltmekden, şeýle-de dünýä atçylygyna nusgalyk bolup durýan behişdi bedewleriň meşhurlygyny gazanmakdan ybaratdyr.
Elbetde, 2026-njy ýylyň “ Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýlip atlandyrylmagy, halkymyzyň bedewlerine bolan buýsanjyny ýene bir gezek dünýä äşgär etdi. Asyrlardan asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerimize laýyklykda bedewler ýurdumyzda guralýan baýramçylyklaryň, şanly seneleriň we toýlaryň baş bezegine öwrüldi, uly şatlyk-şowhun bilen geçirilýän at çapyşyklar eziz Diýarymyzda ajaýyp däp-dessurlaryň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň, şeýle hem halkymyzyň öz milli gymmatlyklarynyň hem-de taglymatlarynyň töwereginde mäkäm jebisleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhrady has-da belende göterildi. Ençeme müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürülip ýetişdirilýän umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülen ahalteke bedewlerimiz türkmen toýlarymyzyň bezegi bolup halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Diýarymyzda bedewleriň meşhurlygyny artdyrmak bilen baglanşykly möhüm meselelere aýratyn ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi biziň buýsanjymyz we şöhradymyz” ,” Gadamy batly bedew” ýaly ajaýyp kitaplaryny peşgeş bermegi, Arkadag şäherinde Aba Annaýew Adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Atçylyk ylymy-önümçilik merkeziniň we Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi, ýurdumyzda atçylyk sport toplumlarynyň döredilmegi bedew baýramçylygynyň giň gerimlerde bellenilmegi, bedewlerimize goýulýan sarpadan nyşandyr.
“Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň” YUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bolsa bu hakykatyň halkara ykrarnamasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy hem-de howandarlyk etmeginde milli atçylyk däplerini dikeltmek, atçylyk sportyny ösdürmek, arassa ganly ahalteke bedewlerimiziň nesil ugurlaryny gowulandyrmak maksady bilen tohumçylyk – seçgi işlerini kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.
Umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna uly goşant goşýan halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny gorap saklamakda, baýlaşdyrmakda, ony dünýäde giňden wagyz etmekde tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleri rowaç alsyn.
Nasiba Durdybaýewa,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň buhgalteri.
PDF









