Meşhur rus şahyry Anna Ahmatowanyň 1912-nji ýylda neşir edilen “Agşam” atly goşgular ýygyndysy auksiona çykarylýar. Şahyr zenan Marina Swetaýewanyň eýeçiliginde bolan bu kitabyň başlangyç bahasy 2 million rus rubluna deň bolar. Bu barada Russiýanyň edebiýat gaznasynyň web sahypasynda ýerleşdirildi.

Suratlar bilen bezelen bu kitap 90 sahypadan ybarat. Daşlyksyz kitapda birnäçe galam bilen edilen bellikleri bar.

Auksion 2022-nji ýylyň 20-nji ýanwaryna meýilleşdirilýär.

Edebiýat gaznasy Ahmatowanyň “Agşam” atly kitabynyň beýleki iki nusgasynyň 800 müň rus rubla satylandygyny habar berdi. Mundan ozal Swetaýewanyň awtograflary 5,75 million, 6,75 million we 4,1 million rus rublyna satylypdy.

XX asyryň iň meşhur şahyry

Anna Andreýewna Gorenko (Ahmatowa) XX asyryň iň meşhur rus şahyrlaryndan biridir. Ol 1889-njy ýylyň 23-nji iýunynda Odessada dworýan maşgalasynda dünýä inýär. Ol bir ýaşyndaka maşgalasy Sarskoe Selo göçýär we Ahmatowanyň Marinskiý gimnaziýasyna gatnamagyna mümkinçilik döreýär. Ol bu ýerde fransuz dilini oňat özleşdirýär. Onuň ilkinji goşgusy 1911-nji ýylda çap edilýär. Ondan bir ýyl öň meşhur şahyr N. S. Gumilýow bilen durmuş gurýar. 1912-nji ýylda olaryň Lew atly ogly bolýar. Şol ýylda onuň “Agşam” atly ilkinji goşgular ýygyndysy neşir edilýär. Indiki “Tesbi” ýygyndysy 1914-nji ýylda peýda bolup, köp nusgada satylýar. Şahyryň eserleriniň milli we şahsy duýgulara ýugrulmagy onuň esasy aýratynlygy bolup durýar.

Ahmatowanyň gaty pajygaly ykbaly bardy. Şahyryň durmuşynyň agyr öwrümleri onuň meşhur eserlerinden biri bolan “Rekwiýem”-de (1935-1940) öz beýanyny tapýar. XX asyryň nusgawy ýazyjy şahyrlary tarapyndan ykrar edilen Ahmatowa köp kynçylyklary başdan geçirýär. Eserleriniň köpüsi uzak wagtlap çap edilmeýär. Ahmatowanyň goşgulary köp dile terjime edildi. Şahyr Ikinji jahan urşy ýyllarynda Sankt-Peterburg gabawynda kyn günleri başdan geçirdi we şondan soň Moskwa gitmäge, soňra bolsa Daşkende göçmäge mejbur bolýar. Ýurtda bolup geçýän ähli kynçylyklara garamazdan, ýurduny terk edip gitmedi we hatda birnäçe watançylyk goşgularyny ýazdy.

1946-njy ýylda Ahmatowa, ýazyjylar birleşiginden çykansoň, esasan terjime bilen meşgullanýar. Tizara ýazyjynyň eserleri kem-kemden kabul edilip başlanýar. 1965-nji ýylda onuň “Wagtyň gaçmagy” atly soňky ýygyndysy neşir edilýär. Şeýle hem, oňa Italiýanyň edebiýat baýragy we Oksford uniwersitetiniň hormatly doktorlyk derejesi berilýar. Şahyr zenan 1966-njy ýylyň 5-nji martynda Moskwa sebitindäki kardiologik şypahanada aradan çykýar.