Öý towugynyň 1 ýumurtga öndürmegi üçin 24-25 sagat wagt gerek bolýar.
Öý towugynyň ýumurtgasy tebigy şertde 4-5 gün, sowadyjyda 2 hepde zaýalanman saklanyp bilýär.
Ýumurtganyň gabygynda täze dörän jüýjäniň dem almagyna kömek edýän 7 müňden 17 müňe çenli öýjük bar.
Iň uly ýumurtga düýeguşuň ýumurtgasy bolup, agramy 2 kilograma çenli ýetýär.
Iň kiçi ýumurtga kolibrä degişlidir. Arydan çala ulurak bu guşuň ýumurtgasynyň agramy bary-ýogy ýarym grama deň. Başgaça aýdylanda, yzlygyna uçup bilýän bu guşuň ýumurtgasy noýba ýalyrak bolýar.
Ýumurtganyň düzüminde A, D, E, B12 witaminleri, demir, sink, selen we belok saklanýar. Ýumurtganyň iň peýdaly bölegi sarysy hasaplanýar. Ýumurtganyň agy bolsa diňe belokdyr.
Iň howply ýumurtga Täze Gwineýada ýaşaýan pitohu we ifrita guşlaryna degişlidir. Sebäbi bu guşlaryň ýumurtgasynda zäher saklanýar.
Adatça, öý towugynyň ýumurtgasyndan 18-20 günde jüýje çykýan bolsa, düýeguşuň ýumurtgasyndan jüýje çykmagy üçin 42-46 gün gerek.
Meksikanlar we ýaponlar iň köp ýumurtga iýýän halk bolup, her ýyl adam başyna degişlilikde 368 we 337 ýumurtga düşýär.
Diňe guşlar ýumurtgalamaýar. Pyşdyl, ýylan, zemzen, hažžyk ýaly süýrenijiler, şeýle hem ördekburun, ýehidna ýaly süýdemdirijiler hem köpelmek üçin ýumurtga goýýar.
PDF









