Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hal­ky­my­zyň baý ta­ry­hy­ny, mil­li mi­ra­sy­ny öw­ren­mek­de, wa­gyz et­mek­de ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Türk­me­nis­tan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da ýer­le­şen­di­gi üçin, bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­myz söw­da­gär­ler üçin ni­ýet­le­ni­len we için­de hem­me amat­lyk­la­ry bo­lan ker­wen­sa­raý­la­ry gu­rup­dyr­lar. Şol ker­wen­sa­raý­la­ryň bi­ri hem Amul-Merw ara­ly­gyn­da ýer­le­şen Ak­ja­ga­la ker­wen­sa­ra­ýy­dyr. Amu­lyň gün­do­ga­ryn­da Jeý­hu­nyň ke­nar­la­ry ýaý­lyp gid­ýän bol­sa, gün­ba­ta­ryn­da çä­ge alaň­la­ry bar. Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň he­re­ket eden za­ma­na­syn­da Amul­dan Mer­we gaýd­ýan ýol Ga­ra­gum säh­ra­sy­nyň jüm­mü­şi­ne si­ňip gi­dip­dir. Gün­do­gar ge­og­ra­fi­ýa­çy­la­ry­nyň ýa­zy­şy ýa­ly, bu ýer­de oňaý­ly amat­lyk­la­ry we berk go­rag­ly­ly­gy bo­lan ra­bat­la­ry, kä­bir ýer­ler­de ýa­rym ker­wen ýol­la­ry ge­çip, dynç alar ýa­ly, esa­sy ker­wen­sa­raý­la­ryň ara­syn­da ara­lyk men­zil­le­ri gur­mak ze­rur bo­lup­dyr. Amul­dan Mer­we çen­li bo­lan 36 far­sah­lyk (210 km) ýo­ly ker­wen­ler, 6 gün­de ge­çip­dir­ler. XI asy­ryň ikin­ji ýa­ry­myn­da gur­lan Ak­ja­ga­la ker­wen­sa­ra­ýy iki how­lu­ly, gö­ni burç­luk şe­kil­li bo­lup­dyr. Onuň da­şar­ky di­war­la­ry pag­sa­dan iç­ki di­war­la­ry, ar­ka­la­ry, güm­mez­le­ri çig ker­piç­den gur­lup­dyr. Bi­rin­ji we ikin­ji how­lu­nyň otag­la­ry­nyň öl­çeg­le­ri, gör­nüş­le­ri we how­lu­la­ryň de­ňöl­çeg­li­li­gi bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­la­nyp­dyr. Ikin­ji how­ly bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, bi­rin­ji how­ly giň bo­lup­dyr. Bu zat­la­ryň ba­ry­sy ker­wen aky­my­nyň kö­pel­me­gi se­bäp­li, öň bar bo­lan ker­wen­sa­ra­ýyň ýa­nyn­da gu­rul­ma­gy, des­ga­la­ry gur­ma­ga bo­lan ta­la­byň örän çalt üýt­gän­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär. Ker­wen­sa­raý how­la ta­rap açyk gid­ýän ar­ka we ine­dör­dül sü­tün­li ötük­ler bi­len gur­şa­lyp, ol mal­lar, ýük­ler we ot-iým üçin ni­ýet­le­nip­dir. Iç­ki how­ly­nyň gü­nor­ta öň ta­ra­py bi­na­gär­çi­lik taý­dan aý­ra­tyn be­ze­lip­dir. Ýa­sa­ma na­gyş­ly ar­ka­ly ýa­lan tag­ça­la­ry dö­ret­mek tä­ri ja­ýyň için­de we öň ta­ra­pyn­da ula­ny­lyp­dyr. Ýa­sa­ma na­gyş­ly bi­na­gär­çi­lik nag­şy­nyň öz as­ly­ny Ma­şa­dy-Mis­se­ria­nyň Şir Ke­bir aram­gä­hin­den alyp gaýd­ýan­dy­gy aý­dyň gör­ke­zil­ýär. Ikin­ji how­ly ine­dör­dül bo­lup, onuň ok­la­ryn­da giň güm­mez şe­kil­li eý­wan ýer­le­şip­dir. How­ly­nyň pe­ri­met­ri bo­ýun­ça di­war­la­ry­nyň ga­le­re­ýa­lar bi­len bö­lü­ni­şi Da­ýa­ha­tyn ker­wen­sa­ra­ýy­na meň­zeş­di­gi gör­ke­zi­lip­dir. Onuň di­wa­ryn­da şe­kil­li tag­ça­sy bo­lan, gü­nor­ta-gün­ba­tar eý­wa­ny met­jit bo­lup­dyr. Bu how­ly­nyň gur­lu­şy bi­na­gär­çi­lik şe­kil­li hä­si­ýe­te eýe bo­lup, onuň ag­la­ba bö­le­gi Da­ýa­ha­tyn ker­wen­sa­ra­ýy­nyň däp bo­lan gur­lu­şy gaý­ta­la­nyp gur­lup­dyr. Ak­ja­ga­la bi­na­gär­çi­lik tär­le­ri bo­ýun­ça özü­niň Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ug­run­da gur­lan ägirt uly jaý gur­lu­şyk sun­ga­ty­nyň yma­rat­la­ry­na we De­mir­ga­zyk Ho­ra­sa­nyň we Ma­we­ran­nah­ryň des­ga­la­ry­nyň se­bit­le­ýin gör­nü­şi­ne de­giş­li­di­gi aý­dyň gör­ke­zil­ýär. XI asy­ryň ahyr­la­ryn­da gur­lan Ak­ja­ga­la ker­wen­sa­ra­ýy­nyň bi­na­gär­lik keş­bi şeý­le äheň­de be­ze­len bi­na­la­ry gur­mak üçin uzak wagt­lap nus­ga bo­lup­dyr. Alym­la­ryň pi­ki­ri­ne gö­rä, Be­ýik Ýü­pek ýo­ly bi­len gat­nan söw­da­gär­ler ta­ra­pyn­dan ta­ry­py ýe­ti­ri­len bu tä­sin ker­wen­sa­raý çöl-be­ýe­wa­nyň jüm­mü­şin­de ýer­le­şen­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, köp­san­ly tä­ze ker­wen­sa­raý­la­ryň bi­na­gär­lik bi­çü­wi­ne ül­ňi bol­mak bi­len, döw­rüň bi­na­gär­li­gi­ne tä­si­ri­ni ýe­ti­rip­dir. Hü­när­men­ler ker­wen­sa­ra­ýyň bi­na­gär­lik be­zeg gur­luş­la­ry­nyň Tür­ki­ýä­niň Kon­ýa şä­he­ri­niň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän daş­dan gur­lan Sol­tan­han ker­wen­sa­ra­ýy­nyň (1229-njy ýyl) öň ta­ra­py­nyň bi­na­gär­çi­li­gi­niň özü­niň öňe çy­kyp du­ran peş­ta­gy, ga­syn­la­ry we burç­la­ryn­da­ky diň­le­ri, ker­wen­sa­ra­ýyň ep-es­li meý­da­ny tut­ýan­ly­gy, how­lu­la­ry­nyň «go­şa­la­ny­şy» bi­len Ak­ja­ga­la meň­zeş­di­gi­ni tas­syk­la­ýar­lar. Merw­den Sa­rah­syň üs­ti bi­len Ni­şa­pu­ra alyp bar­ýan Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň esa­sy ug­ru­nyň go­la­ýyn­da ýer­le­şen Şe­ref­ra­bat ker­wen­sa­ra­ýy­nyň gur­lu­şy­gyn­da Sel­juk­lar döw­le­ti­niň bi­na­gär­lik sun­ga­ty­nyň aja­ýyp nus­ga­sy bo­lan Ak­ja­ga­la­nyň gur­lu­şyk me­ýil­na­ma­sy­ny we be­zeg­le­ri­ni gaý­ta­la­ma­ga sy­na­ny­şy­gyň edi­len­di­gi has aý­dyň gö­rün­ýär. Ker­wen ýol­la­ryn­da ýük ýaz­dyr­ma­ga, dynç al­ma­ga, alyş-ça­lyş et­mä­ge amat­ly şert­ler dö­re­di­len ker­wen­sa­raý­lar şol döw­rüň me­de­ni de­re­je­si­niň ýo­ka­ry­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Türk­me­nis­tan – Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ki­ta­byn­da ker­wen­sa­raý­lar hak­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň be­ril­ýär. Ol ker­wen­sa­raý­lar go­ra­lyp sak­lan­ýar, ola­ryň kä­bi­rin­de abat­la­ýyş we di­kel­diş iş­le­ri ge­çi­ril­di. Gah­ryman Ar­ka­da­gy­myz Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň iň wa­jyp des­ga­sy bo­lan ker­wen­sa­ra­ýyň ady­nyň ge­lip çy­ky­şy­ny şeý­le dü­şün­dir­ýär: «Sa­raý» ga­dy­my türk­men sö­zi bo­lup, köşk diý­me­gi aň­lad­ýar. Her bir sö­züň maz­mu­ny­na çuň­ňur paý­has siň­di­ren türk­men­ler myh­man­ha­na «köşk» di­ýen bol­sa, on­da ol öz döw­rü­niň äh­li amat­lyk­la­ry bi­len üp­jün edi­len köşk-eý­wan­dan bir­jik-de pes däl­dir».
Ak­ja­ga­la ker­wen­sa­ra­ýy Türk­me­na­bat-Ma­ry de­mir ýo­lu­nyň Bag­ty­ýar­lyk men­zi­lin­den gün­ba­tar­da ýer­leş­ýär. Hem­me amat­lyk­la­ry bo­lan bu ker­wen­sa­raý Or­ta Azi­ýa­nyň iň esa­sy ýa­dy­gär­li­gi ha­sap­la­nyl­ýar. Ol gur­lan wag­ty bo­ýun­ça IX asyr­da bi­na edi­len Ra­bat-Mä­lik ker­wen­sa­ra­ýy bi­len dö­wür­deş ha­sap­lan­ýar. Sun­ga­ty öw­re­ni­ji G.A.Pu­ga­çen­ko­wa Ak­ja­ga­la­nyň hem­me de­pe­le­ri­ni öw­re­nip, onuň ar­hi­tek­tu­ra gur­lu­şy ba­bat­da de­mir­ga­zyk-gü­nor­ta Ho­ra­sa­nyň XI-XII asy­ry­nyň ar­hi­tek­tu­ra­sy bo­ýun­ça umu­my­lyk­la­ry­nyň bar­dy­gy­ny anyk­lap­dyr.

Aý­je­ren Gu­ba­ýe­wa,
Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Türk­men döw­let uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.