Golaýda “Google” we “Samsung” kompaniýalary “Google I/O” maslahatynda “Android XR” amaly ulgamyna esaslanýan “akylly” äýneginiň nusgasyny görkezdi. Ol adaty äýnege meňzeýär, ýöne onuň sapy ýogyn bolup, onda görüşi ýapmazdan maglumatlary görkezmek üçin tehnologiýa bar. Linzalara maglumatlary görkezýän ekran ýerleşdirilen. Görkezişde kämilleşdirilen kamera interfeýsi görkezildi, suratlar ekranda ulaldylýar. Şeýle-de, jaňlar, habarlar we hakyky wagtda tekst terjimesi ýaly funksiýalar bar.
Esasy funksiýa nawigasiýa ugrukdyrmalary boldy. Ekranda ugur, öwrüme çenli aralyk we köçäniň ady görkezilýär. Kelläniň hereketine görä karta hem öwrülýär. Äýnek “Android XR” amaly ulgamynda işleýär we “Gemini” emeli aňly çat-bot kömekçisini ulanýar. Ol howa baradaky çaklamasyny aýdýar, suratlary tanaýar we kitaplar we dükanlar hakda maglumatlary tapyp berýär. Soraglara ses arkaly jogap berilýär, ekran bolsa maglumatlary çalt kabul etmäge mümkinçilik berýär. “Google” ýylyň ahyryna çenli bu platformany işläp düzüjiler üçin elýeterli eder.