Maldiw adalarynda gözleg işlerini geçirýän alymlar gülgüne reňkiň dürli öwüşginleri bolan balygyň täze görnüşini tapdylar. Ýaldyraýan balygyň adalaryň golaýynda, Gün şöhlesiniň ýetýän çuňlugynda ýaşaýandygy anyklandy. Mälim bolşy ýaly, Gün şöhlesi deňziň 200 metr çuňlugyna çenli ýetýär. Deňziň ondan aşakdaky 200-1000 metr aralygy alagaraňkylyk diýlip atlandyrylýar. 1000 metrden aşagy bolsa tüm garaňkylyk bolýar. Deňiz jandarlary we ösümlikleri bolsa, deňziň şol «gatlaklaryndaky» çäginde ýaşaýarlar. Täze tapylan balyga ilkinji gezek 1990-njy ýyllarda gabat gelnipdir. Ilkibaşda bu balyk «Gyzyl mahmal peri – wrasse» («Cirrhilabrus rubrisquamis») atly balygyň uly görnüşi diýlip çak edilipdir. Emma soňky geçirilen barlaglarda, bu balygyň aslynda aýratyn görnüşdigi anyklanypdyr. Şeýle hem täze balyk maldiwli alym tarapyndan anyklanan ilkinji balyk hökmünde hasaba alyndy. Şeýle bolansoň balyga ýerli diwehi dilinde bägül diýmegi aňladýan «finifenmaa» diýlip at goýuldy. Sebäbi bu adanyň milli güli bägül hasaplanýar. Täze anyklanan balygyň doly ady bolsa, «Bägül örtükli peri – wrasse» («Cirrhilabrus finifenmaa») diýlip atlandyryldy.
Bu balyk Hindi ummanynyň demirgazygyndaky merjen riflerinde ýaşaýar. Balygyň iki görnüşi hem suwuň ýüzünden 30-149 metr aralygynda bolan çuňlukda ýaşaýar. Şeýle hem geçirilen barlaglaryň netijesinde, «C. finifenmaa»-nyň oňurgasynyň has uzyndygy anyklandy.