Döw­let Tu­gu­my­zy hem-de Tug­ra­my­zy be­ze­ýän, gö­zel­li­gi, ne­pis­li­gi bi­len dün­ýä­ni haý­ra­na goý­ýan ha­ly göl­le­ri­miz döw­le­ti­mi­ziň baş ny­şan­la­ryn­da my­na­syp orun alyp, hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­niň, je­bis­li­gi­niň gü­wä­si hök­mün­de türk­men hal­ky­nyň öz mil­li sun­ga­ty­ny mu­kad­des­lik de­re­je­si­ne ýe­ti­ren­di­gi­ni gör­kez­se, her ýy­lyň maý aýy­nyň soň­ky ýek­şen­be­sin­de şa­ny­na da­ba­ra­ly toý tut­ma­gy­myz ta­ry­hy müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan sun­gat de­re­je­si­ne gö­te­ri­len se­ne­di­mi­ze go­ýul­ýan be­lent hor­mat-sar­pa­dan ny­şan­dyr.
Ha­ly halk se­ne­di­niň iň­ňän ga­dy­my döw­rün­de dö­rän nus­ga­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň aý­ryl­maz bir bö­le­gi­dir. Bi­ziň ha­ly­myz türk­men hal­ky­nyň dün­ýä si­wi­li­za­si­ýa­sy­na we me­de­ni­ýe­ti­ne go­şan aja­ýyp go­şan­dy­dyr. Ha­ly dün­ýä­niň me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da özü­niň my­na­syp or­nu­ny eýe­län sun­gat­dyr.
Ha­ly halkymyzyň ru­hy gym­mat­lyk de­re­je­si­ne gö­te­ri­len mad­dy baý­ly­gy­dyr. Bu be­ýik sun­gat­da hal­ky­my­zyň pel­se­pe­wi dün­ýä­ga­raý­şy, ru­hy-ah­lak dün­ýä­si, ru­hy ösü­şi­niň eriş­ler­dä­ki ta­ry­hy öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. Türk­men ha­ly­sy özü­niň berk­li­gi, do­ka­ly­şy­nyň ne­pis­li­gi, çi­tim­le­ri­niň çe­ýe­le­gi, na­gyş­la­ry­nyň saz­la­şy­gy, reňk öwüş­gün­le­ri­niň aý­ra­tyn­ly­gy bi­len dün­ýä halk­la­ry­nyň ha­ly­la­ryn­dan ta­pa­wut­lan­ýar. Ha­ly­la­ry­my­zy syn­la­ny­myz­da ola­ryň gaý­ma­sy – ba­ýyr­la­ry­myz­dyr dag­la­ry­my­zy, ýüp­lü­gi – soň­suz ýo­da­jyk­la­ry, tüý­jü­mek üs­ti – türk­men säh­ra­sy­nyň ýum­şa­jyk ot­la­ry­ny, se­çek­le­ri – bul­du­rap ak­ýan der­ýa­la­ry­my­zy ças­ly çaý­la­ry­my­zy, onuň dü­şe­gi de­pe­le­ri­miz­dir säh­ra­la­ry­my­zy, meý­dan­la­ry­my­zy, göl­ler – säh­ra­dyr ba­ýyr­la­ry­myz­da açy­lan el­wan gül­le­ri­mi­zi ýat­lad­ýar. Ha­ly­da bar­lyk, ba­ky­lyk jem­le­nen.
Oňa il­ki top­rak­ly­gyň ka­ky­lyp, soň­ra äle­miň sa­lyn­ma­gy, älem nag­şyn­dan soň­ra top­rak­ly­gyň ka­ky­lyp ha­ly­nyň ke­sil­me­gi-de bel­ki, şo­nuň üçin­dir. Ha­ly­nyň gy­ra we göl na­gyş­la­ry-da şol bar­lyk­da hö­küm sür­ýän adam­za­dyň umu­my öýi bo­lan te­bi­ga­tyň çi­tim­le­re mü­di­mi­lik si­ňen be­ýa­ny­dyr.
Hal­ky­myz­da «Suw – türk­me­niň ýa­şaý­şy, at – ga­na­ty, ha­ly bol­sa onuň kal­by­dyr» di­ýen söz bar. Ha­ly göl­le­ri­ne si­ňe se­ret­seň, on­da türk­me­niň kal­by­nyň ru­hy ah­wal­la­ry­ny we öwüş­gin­le­ri­ni duý­mak bol­ýar. Şo­nuň üçin hem bu aja­ýyp sun­ga­tyň «ha­ly» ady öz göz­ba­şy­ny türk­me­niň ha­ly, ýag­da­ýy, dur­mu­şy, yk­ba­ly di­ýen ýa­ly çuň ýö­rel­ge­ler­den alyp gaýd­ýan bol­ma­ly. Ar­gaç­la­ry Aýyň tyl­la­ýy nu­ru­na, eriş­le­ri ar­şyň çog­ly Gü­ne­şi­ne ça­lym­daş ha­ly­la­ry­my­zy syn­la­ny­myz­da türk­me­niň ha­ly­sy onuň mäh­ri­ban we mü­di­mi now­ju­wan te­bi­ga­ty­nyň çi­tim­ler­de şe­kil­len­di­ri­len be­ýa­ny­dyr di­ýip pi­kir ed­ýär­siň.
Türk­men ha­ly­sy Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň gö­zel­lik tu­gu­dyr, ne­pis­lik saz­la­şy­gy­dyr. Be­re­ket­li top­ra­gy­myz­da ös­ýän ot-çöp­ler­den alyn­ýan te­bi­gy bo­ýag­lar­dan, sa­ry­ja goý­nuň saý­la­ma ýü­ňün­den sün­nä­le­nip do­ka­lan ha­ly­la­ry­my­za ta­ry­hyň müň­ler­çe ýyl­lyk do­wa­ma­ty-da tä­sir edip bil­män­dir.
Türk­men ül­ke­si­ne sy­ýa­hat eden iň­lis ra­ýa­ty Ed­mond O Do­no­wan 1882-nji ýy­lyň 27-nji mar­tyn­da Ang­li­ýa Ko­rol­ly­gy­nyň Ge­og­ra­fi­ýa jem­gy­ýe­ti­niň mej­li­sin­de eden çy­ky­şyn­da özü­niň baş­dan ge­çi­ren wa­ka­la­ry ba­ra­da be­ýan ed­ýär.
O. Do­no­wa­nyň çy­ky­şy alym­la­ra üýt­ge­şik tä­sir ed­ýär: «Bu ýur­duň däp-des­sur­la­ry üýt­ge­şik. Iň tä­sin ýe­ri, Ýew­ro­pa­da ta­nal­ma­ýan mil­le­tiň uz ze­nan­la­ry­nyň nä­zik bar­mak­la­ryn­dan dö­re­ýän ha­ly-pa­las­lar bi­len bäs­le­şip bil­jek gö­zel­lik, me­ge­rem, Ýer ýü­zün­de ýok­dur». Iň­lis sy­ýa­hat­çy­sy, ylaý­ta-da, türk­men göl­le­ri­niň, reň­ki­niň, na­gyş­la­ry­nyň ta­pa­wut­ly aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da tä­sin mag­lu­mat­la­ry be­ýan ed­ýär. Ol sö­zü­ni şeý­le jem­le­ýär: «Eger şu je­la­gaý­la­ra dü­şen adam­dan özü­ne nä­me sow­gat be­ril­me­gi­ni is­le­ýän­di­gi ba­ra­da so­ral­sa, ol sä­gin­män «ha­ly» di­ýip jo­gap be­rer. Ýo­ka­ry de­re­je­de ösen Ýew­ro­pa­ny haý­ran gal­dyr­mak aň­sat iş däl. Em­ma türk­men ha­ly­sy mu­ny aň­ry­ýa­ny bi­len ba­şa­rar. Ony bir ge­zek gö­ren adam is­len­dik wagt­da, is­len­dik ýer­de ta­nar hem beý­le­ki­ler­den me­se-mä­lim ta­pa­wut­lan­dy­ryp bi­ler, çün­ki gaý­ta­lan­ma­jak na­gyş­la­ry ha­la ge­çir­mek ýa­ly kyn hem-de hy­syr­dy­ly işiň höt­de­sin­den gel­mek di­ňe türk­men ze­nan­la­ry­na ba­şard­ýar».
1904-nji ýyl­da rus im­pe­ra­to­ry­na ýa­zy­lan hat­dan: «Gün­do­gar türk­men ha­ly­la­ry da­şa­ry ýurt­lu­la­ryň XIII asyr­dan bä­ri üns mer­ke­zin­de bo­lup, ha­ky­ky dün­ýä ha­ry­dy bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki wagt­da da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da ola­ra şeý­le bir ýo­ka­ry is­leg bil­di­ril­ýär, hat­da iri Ýew­ro­pa söw­da fir­ma­la­ry­nyň we iň­lis ha­ly kär­ha­na­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň aýt­ma­gy­na gö­rä, ýyl­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­ýan ha­ly­la­ryň hä­zir­ki sa­nyn­dan üç es­se köp muk­da­ry­ny ýer­läp bo­lar­dy».
XX asy­ryň baş­la­ryn­da türk­men top­ra­gyn­da ha­ly önüm­çi­li­gi­ni hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len ha­ly ser­gi­le­ri­ni ge­çir­mek ýo­la goý­lup­dyr. Has ta­ky­gy, 1908-nji ýy­lyň 6–7-nji de­kab­ryn­da Ma­ry­da il­kin­ji ge­zek bäs­le­şik gör­nü­şin­de ha­ly ser­gi­si ge­çi­ri­lip­dir. Ser­gi­de şol wagt­ky Za­kas­piý ob­las­tyn­da ön­dü­ri­len ha­ly­lar we ha­ly önüm­le­ri gör­ke­zi­lip­dir. Ser­gi­niň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça je­mi do­kuz sa­ny baý­rak­ly orun ber­lip­dir. Ýe­ňi­ji­ler kü­müş me­dal we pul baý­rak­la­ry bi­len sy­lag­la­nyp­dyr­lar. Ser­gi­de baş baý­ra­ga Hal­sä­het An­na og­lu­nyň ha­ly­sy my­na­syp bo­lup­dyr. Bu ha­ly­ny bäş aýyň do­wa­myn­da dört ha­ly­çy Meň­li Wel­my­rat gy­zy­nyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da do­kap­dyr.
1909-njy ýyl­da ge­çi­ri­len ha­ly ser­gi­si­ne 123 sa­ny ha­ly we ha­ly önüm­le­ri ge­ti­ri­lip, bi­rin­ji or­na Merw uýez­di­niň Taý­maz oba­syn­dan Ga­ra­ja Na­syr og­lu­nyň ha­ly­sy my­na­syp bo­lup­dyr. Bu ha­ly­nyň bo­ýy 3,90 metr, ini 2,60 metr bo­lup­dyr. Ha­ly 1909-njy ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da Daş­kent­de ge­çi­ri­len ser­gi­de hem me­dal ga­za­nyp­dyr. Ikin­ji orun 1908-nji ýyl­da­ky ser­gi­niň ýe­ňi­ji­si Hal­sä­het An­na og­lu­nyň ha­ly­sy­na ber­lip­dir. Ser­gi­de baý­rak­ly orun­lar, esa­san, düýp ha­ly­la­ra ber­lip­dir. Ha­ly önüm­le­ri­ni do­ka­mak işi­ni hö­wes­len­dir­mek üçin Ber­sen oba­syn­dan Öwez Ju­ma­nyň aýa­ly Ar­na­gü­lüň do­kan eň­si­si­ne pul baý­ra­gy ber­lip­dir.
1910-njy ýy­lyň 5–6-njy de­kab­ryn­da ge­çi­ri­len ha­ly ser­gi­sin­de 140 sa­ny ha­ly gör­ke­zi­lip, ola­ryň ara­syn­da pen­di we ahal­te­ke ha­ly­la­ry bo­lup­dyr. Bu ser­gi­de bi­rin­ji or­na Taý­maz oba­syn­dan Ba­ba­han Mu­ham­me­do­wyň aýa­ly Mer­gen­je­ma­lyň do­kan ha­ly­sy my­na­syp bo­lup­dyr. Bu ha­ly 28 ine­dör­dül metr­den gow­rak bo­lup, özü­niň owa­dan­ly­gy we ne­pis­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp­dyr. 1912-nji ýyl­dan baş­lap ha­ly ser­gi­le­ri Aş­ga­bat­da, Kras­no­wods­k­da (hä­zir­ki Türk­men­ba­şy şä­he­ri) yzy­gi­der­li ge­çi­ri­lip du­rup­dyr.
Türk­men ze­nan­la­ry­nyň ýi­ti ze­hi­ni­niň we ir­gin­siz zäh­me­ti­niň önü­mi bo­lan ha­ly­lar da­şa­ry ýurt­lar­da ge­çi­ril­ýän ha­ly ser­gi­le­rin­de hem yzy­gi­der­li gör­ke­zi­lip, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bo­lup­dyr. Türk­me­niň kä­mil­lik de­re­je­si­ne ýe­ti­ren se­ne­di dün­ýä meş­hur sun­gat bo­lup ta­nal­ýar. Türk­men ha­ly­sy bi­ziň gün­sa­ýyn ös­ýän ata Wa­ta­ny­my­zyň gö­zel­lik nus­ga­sy­dyr.

Aý­je­ren TA­GAN­DUR­DY­ÝE­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň mu­gal­ly­my.