Tapgyryň beýleki esasy üns merkezdäki duşuşygynda-da PSŽ öz meýdançasynda “Liwerpuldan” 1-0 hasabynda asgyn geldi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýunda iňlis klubuna ýeňiş getiren goly duşuşyga gireninden 1 minut soň, ýagny 87-nji minutda Darwin Nunýesiň pasy bilen Harwi Elliot öz adyna ýazdyrdy. Ol oýnuň 86-nji minutynda duşuşygy juda şowsuz tamamlan Salahyň ornuna girdi. Duşuşykda parižlileriň 27 urgusy hasaba alyndy. Şolaryň 10-sy dürs urgy bolup, “Liwerpulyň” derwezeçisi Alison Beker öz ussatlygyny görkezdi. Ol 9 halas ediş bilen Çempionlar Ligasynyň rekordyna şärik boldy. Bu görkeziji soňky 21 ýylda hasaba alnan iň uly statistika bolup, Alison belgiýaly Simone Minýole hem-de ispaniýaly Pepe Reinanyň rekordlaryny gaýtalady.