Tälimçisi Habi Alonsony “Real Madride” ugradan Germaniýanyň “Baýer” topary täze tälimçisini mälim etdi. Lewerkuzenliler 55 ýaşyndaky niderland tälimçi Erik Ten Hagy wezipä belledi. “Bundesliganyň” wise-çempiony tejribeli tälimçi bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdy. Tälimçilik karýerasyna “Go Ehed Iglz” toparynda başlan Ten Hag “Bawariýa II”, “Aýaks” hem-de “Mançester Ýunaýted” klublaryny türgenleşdirdi. “Aýaksy” Niderlandlaryň 3 gezek çempiony eden Ten Hag “Mançester Ýunaýtede” FA Kubogyny, Liga Kubogyny gazandyrdy.