Amerikaly alpinist Aleks Honnold Taýwanyň iň belent binasy bolan “Taipei 101” gökdiräniniň daşky diwary bilen hiç hili gorag serişdesiz ýokaryk çykmagyň hötdesinden geldi. “Focus Taiwan” habarlar portalynyň maglumatyna görä, türgeniň ýerden binanyň iň ýokary nokadyna (508 metr belentlige) çykmagy üçin bir ýarym sagatdan sähel köp wagt gerek boldy.
Türgen 101 gatdan ybarat bolan bu binanyň burç tarapyndaky kiçijik çykgytlardan peýdalanyp ýokaryk galypdyr. Binanyň orta bölegindäki sekiz sany biri-biriniň üstünde asylyp duran seksiýalar dyrmaşmagy has-da kynlaşdyrypdyr. Aslynda, bu hereket 24-nji ýanwarda meýilleşdirilipdi, ýöne ýagyş sebäpli yza süýşürildi.
Honnold bu gökdiräni “boýun egdiren” ilkinji alpinist däl, ýöne ol muny hiç hili gorag serişdesiz amala aşyran ilkinji adamdyr. 2004-nji ýylda fransuz alpinisti Alen Rober hem bu binanyň depesine çykypdy, ýöne ol gorag enjamlaryndan peýdalanypdy.
Aleks Honnold dünýäniň iň meşhur alpinistleriniň biridir. Ol, esasan, “free solo” (hiç hili goragsyz, diňe elleri bilen gaýalara çykmak) usuly bilen tanalýar. Onuň meşhur “El-Kapitan” gaýasyna çykyşy barada düşürilen “Free Solo” filmi “Oskar” baýragyny hem alypdy.