Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bolan 2025-nji ýylyň geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň “Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi” jemgyýetçilik guramasynyň şeýle-de Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleriniň guramaklarynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebi, Lebap welaýat maliýe we ykdysadyýet orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda daş-töweregiň ajaýyp keşbe eýe bolan güýz paslynyň aýratynlyklaryny suratlaryň üsti bilen wasp etmek boýunça surat bäsleşigi geçirildi. Ruhubelent talyp ýaşlaryň çeken suratlarynda altyn güýzüň owadan keşbini, agaç ýapraklarynyň güýz paslyna mahsus bolan sarymtyl öwüşginlerini, güýz paslynyň aýratynlyklaryny ynandyryjy reňkler bilen ýerlikli ulanyp, ussatlyk bilen wasp etmegi başarypdyrlar. Bäsleşige tanymal suratkeşler, heýkeltaraşlar, nakgaşlar çagyrylyp olardan düzülen emin agzalary bäsleşige hödürlenen her bir surata syn berip, ýeňiş gazanan suratçylar yglan edildi. Emin agzalarynyň ykrar edilen üç sany naýbaşy suratlary çeken talyplar Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň gymmat bahaly sowgatlaryna şeýle-de Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hormat hatlaryna mynasyp boldular. Ýeňiş gazanan surat Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreni muzeýinde gurnalan wagtlaýyn sergä hödürlendi.
Duşuşygyň esasy maksady hatarlanyp gelýän pasyllaryň aýratynlyklaryny onda-da altyn güýzüň şöhle saçýan özboluşly şuglalarynyň ynsan kalplaryna edýän täsirlerini suratlaryň üsti bilen wagyz edip türkmen tebigatyna söýgi döretmekden ybarat boldy.
Çykyşlaryň altyn güýzüň aýratynlyklaryny wasp edýän ýörite görkezme esbaplar, fotosuratlar bilen baýlaşdyrylmagy bolsa olaryň täsirliligini artdyrdy.

Maral Hojagulyýewa, Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.