«Saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergi geçiriler

101

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim ministrlikleri, bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy bilen bilelikde şu ýylyň 10 – 12-nji oktýabry aralygynda «saglygy goraýyş, bilim we sport berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe» atly halkara sergini geçirýär. Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
10-njy oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
11-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
12-nji oktýabrda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.
Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy – Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy.
Telefon belgileri: 39-88-81,(82),(83),(84),(85),(86).
Faks belgisi: 39-89-49.