Futbolyň iň uly şahsy sylagy hasaplanýan “Altyn top” (Ballon d’Or) baýragynyň bu ýylky ýeňijisi mälim edildi. Parižde geçirilen 69-njy dabarada “Altyn top” baýragynyň çäginde başga-da birnäçe baýraklar ýeňijilerine gowşuryldy.

Netijede, 2025-nji ýyl üçin “Altyn top” baýragynyň ýeňijisi diýlip, PSŽ-niň fransiýaly ýyldyzy Usman Dembele saýlandy. Braziliýaly meşhur futbolçy Ronaldinionyň açan bukjasyndan 28 ýaşyndaky futbolçynyň ady çykdy. Ol bu ugurda Lamin Ýamal bilen topardaşy Witinýany yzda galdyrdy. Geçen möwsümde “Ligue 1”-de iň köp gol salan 2 futbolçynyň biri bolan Dembele 2024/25 möwsüminde PSŽ-niň düzüminde 53 oýunda 35 gezek tapawutlandy. Ol bu baýragy gazanan 6-njy fransuz futbolçysy bolup, ondan öň Kopa, Platini, Papen, Zidan hem-de Benzema dagy “Altyn top” baýragyny alypdylar. Şol bir wagtyň özünde Messiden soň bu baýragy gazanan 2-nji PSŽ-li futbolçy hökmünde hasaba alyndy.

Zenanlaryň arasynda baýragyň ýeňijisi soňky 2 ýylda bolşy ýaly bu gezek hem üýtgemedi. “Barselona” toparynyň 27 ýaşyndaky ýyldyzy Aitana Bonmati bassyr 3-nji gezek “Ballon d’Or Feminin” baýragynyň eýesi boldy. Ol bu baýragy yzly-yzyna 3 gezek gazanan ilkinji zenan futbolçy hökmünde taryha girdi. Baýragy soňky 5 ýylda “barselonaly” 2 futbolçynyň arasynda paýlandy. Bonmatiden öň Aleksia Putelýas baýragy 2 gezek eýeläpdi.

Ýaşlaryň arasyndaky iň ökde futbolça berilýän “Kopa Trophy” baýragyna “Barselonanyň” ýyldyzy Lamin Ýamal laýyk görlüp, ol Desire Due bilen Žoao Neweşden öňe saýlanmagy başardy. Ýamal bu baýragy yzly-yzyna 2 gezek gazanan ilkinji futbolçy bolup, baýrak soňky 5 ýylda 4-nji sapar “barselonaly” futbolçylar gowşuryldy.

“Kopa Trophy” baýranyň zenanlaryň arasyndaky ýeňijisi diýlip, ýene-de “Barselona” toparyndan ispaniýaly ýarymgoragçy Wiki Lopes saýlandy.

Iň ökde derwezeçä berilýän “Yashin Trophy” baýragynyň bu gezekki eýesi italiýaly derwezeçi Januiji Donnarumma boldy. Ol awgust aýynda PSŽ-den “Mançester Siti” topary transfer bolupdy. Donnarumma baýragy 2-nji gezek alyp, ol 2021-nji ýylda-da eýeläpdi. Donnarumma soňky 2 ýylyň ýeňijisi Emiliana Martinesden soň bu baýragy 2 gezek gazanan 2-nji derwezeçi boldy.

Ýylyň iň ökde zenan derwezeçisi hökmünde ykrar edilen “Çelsi” toparynyň iňlis derwezeçisi Hanna Hampton saýlanyp, ol “Yashin Trophy” baýragyna mynasyp görüldi.

Geçen möwsümiň iň köp gol geçiren futbolçysy şwesiýaly hüjümçi Wiktor Gýökereş rowaýaty futbolçy “Gerd Müller Trophy” baýragy bilen sylaglandy. Tomusda “Sportingden” “Arsenala” transfer bolan Gýökereş geçen möwsümde 53 gol geçiripdi.

Zenanlaryň arasynda bu baýraga “Barselona” toparynyň polşaly hüjümçisi Ewa Paýor laýyk görüldi. Ol geçen möwsümde 43 goly derwezä girizdi.

Ýylyň iň ökde tälimçilerine berilýän “Johan Cruyff Trophy” baýragyna erkeklerden PSŽ-niň tälimçisi, ispaniýaly hünärmen Luis Enrike, zenanlardan Angliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi, niderland hünärmeni Sarina  Wigman laýyk görüldi.

PSŽ topary ýylyň iň gowy erkek kluby, “Arsenal” ýylyň iň gowy zenan kluby diýlip saýlandy.