Ast­ro­nom­lar NA­SA-nyň «In­Sight» at­ly mar­so­hody ar­ka­ly al­nan seýs­mi­ki mag­lu­mat­la­ryň ne­ti­je­sin­de Mar­syň iç­ki gur­lu­şy­nyň nä­hi­li­di­gi­ni anyk­la­dy­lar. Lon­don Pa­ty­şa­lyk kol­le­ji­niň yl­my iş­gä­ri, dok­tor Kons­tan­ti­nos Ha­ra­lam­bu­syň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky to­par Gy­zyl pla­ne­ta­da bo­lup ge­çen se­kiz sa­ny güýç­li ýer­tit­re­mä­ni we me­te­or­la­ryň düş­me­gi­ni öw­ren­di­ler. Seýs­mi­ki tol­kun­la­ryň ýaý­ra­ýyş şe­ki­li öw­re­nil­di, pla­ne­ta­nyň man­ti­ýa­syn­da ulu­ly­gy 4 ki­lo­met­re ýet­ýän äpet ga­ýa­lyk­la­ryň bar­dy­gy anyk­lan­dy. Bu bö­lek­le­riň pla­ne­ta­nyň il­kin­ji eme­le ge­len wag­tyn­da bo­lup ge­çen kos­mi­ki çak­ny­şyk­la­ryň ga­lyn­dy­la­ry­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Gün ul­ga­my­nyň eme­le ge­len il­kin­ji 100 mil­li­on ýy­lyn­da Mars we Ýer ýa­ly içer­ki pla­ne­ta­la­ra köp muk­dar­da me­teo­rit gaç­dy. Alym­la­ryň pi­ki­ri­çe, bu çak­ny­şyk­lar Mar­syň en­tek tä­ze eme­le ge­len daş­ky gat­la­gy­ny böw­süp, giň mag­ma (Ýe­riň aşaky gat­lak­la­ryn­da ýer­leş­ýän su­wuk hal­da­ky aşa gyz­gyn mas­sa) «deň­zi­niň» eme­le gel­me­gi­ne se­bäp bo­lup­dyr. Pla­ne­ta so­wan­dan soň­ra dür­li hi­mi­ki bir­leş­me­ler­den eme­le ge­len äpet daş­lar man­ti­ýa­da gy­sy­lyp ga­lyp­dyr. Ýer­dä­ki şeý­le gur­luş­lar bol­sa, tek­to­nik ha­dy­sa­lar se­bäp­li bi­reý­ýäm ýok bo­lup gi­dip­dir.
Ast­ro­nom­lar gel­jek­de bu mag­lu­mat­la­ry We­ne­ra we Mer­ku­riý pla­ne­ta­la­ry­nyň­ky bi­len de­ňeş­di­rip gör­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär­ler.