Amerikaly meşhur göreşiji, aktýor Halk Hogan Floridadaky öýünde infakt sebäpli 71 ýaşynda aradan çykdy. Ol köp wagtdan bäri saglygynyň pesliginden ejir çekip gelýärdi.
1953-nji ýylyň 11-nji awgustynda Jorjia ştatynda dünýä inen hakyky ady Terri Jin Bolleýa bolan amerikan göreşi boýunça professional karýerasyna 1977-nji ýylda başlaýar. 1983-nji ýylda Bütindünýä göreş federasiýasynyň hataryna girmeginden soň onuň meşhurlygy artyp başlaýar (WWE). 5 gezek federasiýanyň çempionlygyny gazanan Halk Hogan 1991-nji we 1992-nji ýyllarda Royal Rumble duşuşyklarynda ýeňiji bolan ilkinji göreşiji hökmünde taryha girdi.
Fizik taýdanam öz aýratynlygy bilen tanalýan Hogan atyň nalyna meňzeş murty, şol sanda kellesine daňynýan özboluşly bandaž ýaglygy bardy. Köplenç gyzyl ýa-da sary, kämahallaram gara reňkli ýeňsiz köýnekçesi bilen belli bolan Hogan göreş bilen baglanyşykly ençemel baýraklaryň hem eýesidir.
Amerikan göreşi boýunça gazanan şöhraty ony kino älemine, telewideniýe dünýäsine-de aralaşdyrýar. 1982-nji ýyldaky “Rokki 3” filmindäki otrisatel keşp bilen kino sungatynda-da meşhurlyga ýeten Halk Hogan “No Holds Barred”, “Suburban Commando”, “Mr. Nanny”, “The Secret Agent Club”, “Santa with Muscles”, “The Ultimate Weapon” ýaly ekran eserlerinde dürli keşpleri janlandyrýar. Birnäçe teleseriallarda, “reality” tele şoularda, telefilmlerde çykyş eden Hoganyň 2005-nji ýylda Amerikan göreşiniň Şöhratlylar alleýasyna ady ýazylýar. 2 perzendiň kakasy bolan Halk Hogan 3 gezek durmuş gurýar.