8-nji aprelde Gazagystandaky Baýkoňyr kosmodromyndan göteriji raketa berkidilen “Soýuz MS-27” kosmos gämisi uçuryldy. 3 sagat çemesi wagtdan soň “Roskosmos”-yň kosmonawtlary Alekseý Zubriskiý, Sergeý Ryžikow we NASA-nyň astronawty Jonni Kim Halkara kosmos bekedine bardylar. Olaryň Ýere dolanmagy bolsa, 9-njy dekabrda meýilleşdirilýär.
Bu missiýa onlarça ylmy barlaglary, şol sanda, açyk kosmosa çykmagy göz öňünde tutýar. Baýkoňyrdaky uçurylyşa rekord mukdarda syýahatçy tomaşa etmäge bardy. Olaryň arasynda jahankeşdeler, aktýorlar, teleýaýlym görkezijileri, blogerler we kompaniýalaryň ýolbaşçylary ýaly 2,5 müňden gowrak adam bar. “Roscosmos” bu uçurylyşy sosial ulgamlarda ýaýlyma berdi.