Niderlandlaryň paýtagty Amsterdamda has köp syýahatçynyň bir wagtda şähere gelmekleriniň öňüni almak maksady bilen iri ýolagçy gämileriniň şäheriň portuna girmekleri çäklendirer. Şäheriň häkimiýetiniň ýolbaşçylary 2035-nji ýyla çenli bu maksada ýetmegi meýilleşdirýär. Şeýle bolansoň, mundan ozal Amsterdamyň Merkezi wokzalynyň we Awtobus terminalynyň golaýyndaky Ýolagçy terminalynyň başga ýere göçürilmegi baradaky meýilnama hem ýatyryldy. Ýolagçy gämileriniň tapgyrlaýyn ýagdaýda şähere gelmeklerini azaltmak baradaky teklip şäher merkeziniň howasynyň gowlandyrylmagy, howa goýberilýän zyýanly gazlaryň azaldylmagy we aşa köp syýahatçynyň gelmeginiň öňüni almak maksady bilen orta atyldy.
Iri ýolagçy gämileriniň şähere gelmekleriniň çäklendirilmegi baradaky ahyrky netije mart aýynda geçiriljek ýerli saýlawdan soňra belli bolar.
Amsterdam Ýewropanyň iň iri port şäheri hasaplanýan Rotterdamdan awtoulag arkaly bir sagat çemesi uzakda ýerleşýär.
PDF









