12-nji noýabrda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tegelek stol geçirildi.
Çärä halkara guramalarynyň wekilleri, jemgyýetçilik işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, talyp ýaşlar, şeýle hem KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylara Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çäreler, şol sanda şu ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Halkara forumyna taýýarlyk işleri barada maglumatlar ýetirildi.
Mundan başga-da, tegelek stoluň dowamynda Türkmenistanyň halkara derejesindäki ýokary üstünliklerini şöhlelendirýän wideoýazgy görkezildi hem-de türkmen halkynyň baý medeni mirasyny tanyşdyrýan sergi guraldy.
PDF









