Geçen ýylyň dekabrynda Saud Arabystanyň “Aramco” nebit kompaniýasynyň paýnamalarynyň belli bir böleginiň birža arkaly köpçülige hödürlenmegi bilen 1,7 trillion dollar bazar bahasyna ýetip, dünýäniň iň gymmatly kompaniýasy bolupdy. ABŞ-nyň “Apple” kompaniýasynyň paýnamalarynyň gymmatynyň 6,84 göterim artmagy bilen tehnologiýa kompaniýasy köp wagtdan bäri saklap gelýän birinjilik ornuna gaýdyp geldi. Tehnologiýa ägirdiniň Nýu-Ýork biržasynda hereket edýän paýnamalarynyň gymmaty 1, 817 trillion dollara ýetdi. Er-Riýaddaky biržada hereket edýän “Aramco” paýnamalarynyň gymmaty bolsa häzirki wagtda 1,76 trillion dollara ýetýär. “Business Insider” neşiriniň habaryna görä, “Apple” birinji orna gaýdyp gelmeginiň öň ýanynda amerikan biržasynda “Microsoft Corp.” bilen başa-baş gidýärdi. “Apple”-iň bazar bahasy mundan iki ýyl ozal, 2018-nji 2-nji awgustynda 1 trillion dollardan geçen ilkinji amerikan brendi bolupdy.
Ýeri gelende aýtsak, dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaý sebäpli ýylyň başyndan bäri “Apple”-iň paýnamalarynyň 45 göterim ýokarlanmagyna getirdi.
Nebite bolan islegiň azalmagy bolsa, bu ugurda iş alyp barýan kompaniýalaryň paýnamalarynyň gymmatyny peseltdi. “Aramco”-nyň paýnamalary ýylyň başyndan bäri 6,4 göterim azaldy. Degişli döwürde “Exxon Mobil Corp.” 40 göterim, “Royal Dutch Shell Plc” 50 göterim pese gaçdy.