Dur­nuk­ly we aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne ge­çiş ýyl-ýyl­dan art­ýar. «Bloom­berg» ne­şi­ri­niň taý­ýar­lan mag­lu­ma­tyn­da aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ne re­kord de­re­je­de ma­ýa go­ýum goý­be­ri­len­di­gi mä­lim edil­ýär. Gün, ýel we beý­le­ki çeş­me­ler üçin goý­be­ri­len ma­ýa go­ýu­myň muk­da­ry ozal­ky ýyl­da­ky­dan 6,5 gö­te­rim köp bo­lup, 366 mil­liard dol­la­ra ýe­tip­dir. Şeý­le­lik­de, bu ugur­da re­kord goý­lup­dyr. Mag­lu­ma­ta gö­rä, ener­gi­ýa öw­rü­li­şi­gi­ne geç­mek üçin al­ter­na­tiw ener­gi­ýa, ener­gi­ýa­nyň sak­lan­ma­gy, baş­ga ýe­re ge­çi­ril­me­gi, wo­do­rod ýan­gy­jy we ola­ra de­giş­li ma­te­ri­al­la­ryň iş­le­nip dü­zül­me­gi, ön­dü­ril­me­gi ýa­ly aras­sa ener­gi­ýa önüm­çi­li­gi­niň äh­li bas­gan­çak­la­ry­ny ha­sa­ba ala­nyň­da bu gör­ke­zi­ji­niň 755 mil­liard dol­la­ra ýe­ten­di­gi bel­le­nil­ýär. Mun­da hö­kü­met­ler ta­ra­pyn­dan be­ril­ýän gol­da­wyň hem-de önüm­çi­lik kär­ha­na­la­ry­nyň ta­gal­la­la­ry­nyň tä­si­ri­niň uly bo­lan­dy­gy bel­le­nil­ýär.

Gül­na­ra ŞA­DUR­DI­ÝE­WA,
Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.