Sadio Mane of Senegal challenged by Adama Guira of Burkina Faso during the 2021 Africa Cup of Nations Afcon Finals Semifinal match between Burkina Faso and Senegal held at Ahmadou Ahidjo Stadium in Yaounde, Cameroon on 02 February 2022 ©Samuel Shivambu/Sports Inc - Photo by Icon sport

Tamamlanyp barýan Afrika Milletler Kubogynda ilkinji finalçy belli boldy. Garaşylmadyk ýarym finalçy Burkino Fasony 3-1 hasabynda ýeňen Senegalyň ýygyndysy bassyr 2-nji, umumylykda 3-nji gezek finala çykdy. Çekeleşikli geçen oýnuň birinji ýarymynda hasap açylmady. 70-nji minutda senegally Abdu Diallo hasaby açdy. 76-njy minutda Sadio Maneniň pasyndan soň Idrisse Geýe hasaby 2-0-a çykardy. 82-nji minutda Ibrahim Ture Burkino Fasony umytlandyrsa-da 5 minutdan soň tapawutlanan Mane oýna soňky nokady goýdy. Şeýlelikde, Senegalyň ýygyndysy 2002-nji we 2019-njy ýyllardan soň 3-nji gezek finala çykdy. Onuň finaldaky garşydaşy ýer eýeleri Kamerunyň ýygyndysy ýa-da bu kubogy iň eýelän Müsüriň ýygyndysy bolar. Kamerun bilen Müsüriň arasyndaky duşuşyk şu gün oýnalar (00:00).