Birleşen Arap Emirlikleri arassa we dikeldilýän energiýa serişdelerine 2050-nji ýyla çenli 163 milliard dollar maýa goýum goýmagy maksat edinýär. BAE-niň hökümet başlygy we Dubaýyň Emiri Muhammed bin Raşid Al Maktum bu maýa goýum bilen “klimat bitaraplygyna” ýetmek isleýändiklerini aýtdy.
Ýurt 2017-nji ýylda “2050 energiýa strategiýasy” mälim edipdi. Bu maksatnamada öýlerde we kärhanalarda sarp edilýän energiýanyň netijeliliginiň 40 göterim artdyrylmagy, arassa energiýanyň umumy öndürilen enegiýadaky paýynyň 25 göterimden 50 göterime çykarylmagy we 700 milliard dirhem (190,6 milliard dollar) pul serişdesiniň tygşytlanmagy göz öňünde tutulýar.
“Klimat bitaraplygy” ýyladyşhana gazlarynyň howa goýberilişiniň arassa tehnologiýalar, ýel, Gün ýaly alternatiw energiýa çeşmeleriniň ulanylyşynyň mümkingadar artdyrylmagyny, netijede bolsa, howa iberilýän zyýanly gazyň dolulygyna aradan aýrylmagyny aňladýar.