ABŞ-nyň hökümeti häzriki wagtda bar bolan we ozalky magdan çykarylan ýerlerde arassa energiýa önümçiligini ýola goýmak üçin 450 million dollar bölüp berendigini mälim etdi. Ak tamyň berýän maglumatyna görä, bu taslama energiýa pudagyna goldaw bermäge we daşary ýurtlara garaşlylygy azaltmaga ýardam eder. Bu taslama üpjünçilik zynjyryny güýçlendirip, kömür, nebit we gaz pudagynda işleýän işgärleriň täze arassa energiýa ykdysadyýetinden peýdalanmagyna ýardam eder.
Şeýle hem ABŞ-nyň Energiýa ministrligi kömür küli, şahtalaryň drenažy we beýleki magdançylyk zyňyndylaryndan seýrek toprak jynslaryny we beýleki magdanlary çykarjak gaýtadan işleýän tehnologiýalary işläp taýýarlamak üçin Demirgazyk Dakota hem-de West Wirjiniýa uniwersitetlerine 16 million dollar berjekdigi mälim edildi. Şeýle hem ozalky kömür şahtalarynyň golaýyndaky obalaryny täze çeşmeler bilen üpjün etmek üçin 11 sany federal guramanyň bilelikde iş alyp barýandygy mälim edildi.